Maldarçylyk we Weteraniýa Ylmy - Önümçilik merkezi
2301Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran Kararyna laýyklykda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna berildi.
Ylmy-önümçilik merkezinde Maldarçylyk we Weterinariýa bölümleri hem-de hojalyk hasaplaşygynda işleýän «Epizootologiýa» we «Ýüň we deri» barlaghanalary hereket edýär. Bu ýerde alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň maksady ýurdumyzda oba hojalyk mallarynyň dürli görnüşleriniň genofonduny saklamak we kämilleşdirmek, seçgi geçirmek arkaly olaryň ýokary önümli täze toparlaryny döretmek, mallary dürli kesellerden goramagyň ygtybarly usullaryny işläp düzmek, täze weterinar derman serişdelerini döretmek we önümçilige hödürlemek bolup durýar.
«Epizootologiýa» barlaghanasynda weterinar derman serişdelerini öndürmek işi alnyp barylýar. Bu ugurda mallaryň aýratyn howply, ýokanç brusellýoz keseline garşy sanjym waksinasynyň, bu keseli anyklamak üçin antigenleriň her ýylda ýeterlik mukdary öndürilip, ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklary bu bioserişdeler bilen doly üpjün edilýär. Şeýle hem, aýratyn howply ýokanç otbaş keseline garşy kapsulasyz sporaly waksinany işläp düzmek boýunça ylmy işler geçirildi. Netijede, waksinany taýýarlamagyň biotehnologik tapgyrlary işlenip düzüldi. Waksinanyň hil görkezijilerini barlaghana haýwanlarynda kesgitlemek boýunça işler geçirildi we onuň bildirilýän talaplara (standartlara) laýyk gelýändigi subut edildi. Häzirki wagtda otbaş keseline garşy waksinany önümçilige ornaşdyrmak üçin önümçilik şertlerinde kliniki synaglary geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
«Ýüň we deri» barlaghanasyna «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan ýüň we deri çig malynda barlag-synag işlerini geçirmek üçin yzygiderli lisenziýa (Attestat şahadatnamasy) alynýar. Munuň özi bolsa barlaghananyň «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň synag barlaghanasy hökmünde tassyk edilendigini aňladýar. Şeýlelikde, barlaghana ýurdumyzda telekeçiler we Döwlet edaralary tarapyndan taýýarlanylýan we ýerlenilýän ýüň we deri çig mallarynyň türkmen döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigi ýa-da gelmeýändigi hakynda degişli resminamalary (synag beýanlary we ykrarnamalar) berýär.
Merkezde ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, ulanmaga berilýän guş toplumlaryna daşary ýurtlardan getirilýän ýumurtga we et ugurly ýokary önümli krosslary seljermek, ýerli şertlerde et we ýumurtga ugurly, dürli krossly towuklaryň ot-iým rasionyny, önümliligini, ýaşaýşa ukyplylygyny öwrenmek, ýerli ot-iýmleriň binýadynda olary ýaşy, önüm berijilik ukyby boýunça iýmitlendirmegiň täze rasionlaryny düzmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ýerli ot-iým serişdelerini ulanyp, häzirki wagtda daşary döwletlerden satyn alynýan iým goşundylarynyň ornuny tutýan goşundylary işläp taýýarlamak boýunça hem ylmy işler alnyp barylýar.
Merkezde alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine Uniwersitetiň talyp ýaşlary işjeň gatnaşýarlar hem-de halypa-şägirtlik işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bu bolsa geljekde öz ugruna ökde, kämil, başarjaň hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam edýär.