John deere okuw merkezi
3602S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň çäginde 1996-njy ýylda düýbi tutulan ABŞ-nyň John Deere okuw merkezinde talyplara oba hojalygynda giňden ulanylýan birnäçe tehnikalary talyplara ýokary derejede bilim bermäge hyzmat edip gelýär.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda hem mehaniznleşdirilen işlere sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Oba hojalyk tehnikalaryna sanly GPS we telematik nawigasiýa ulgamlary ornaşdyrylanda oba hojalyk tehnikalarynyň ýerine ýetirýän işleriniň hasabatyny takyk ýörätmäge, tehnikalaryň dolandyrylyşyny merkezleşdirmäge, tehnikalaryň iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga, geçirilýän oba hojalyk işleriniň netijeliligini has-da artdyrmaga mümkünçilik berýär.
Olaryň hasabyna: John Deere 9970 we 9970M pagta ýygýan kombaýlary; John Deere T560 däne ýygýan kombaýny degişli.
Bu kombaýnlarda pagta we däne ýygmak tehnologiýasy, kombaýnyň gurluşyna, işleýşini, işe taýýarlyk we hyzmat etmek, şeýle hem dolandyrmak sapaklary gurnalyp geçirilýär. Ondan daşary simulýator apparatynda talyplaryň däne, mekge we soýa ekinlerini ormak işini ýerine ýetirmek endiklerini öwrenmek mümkinçilikleri bar.
John Deere 3810 öwrümli azal bilen John Deere 6125, 6155, 6195 seriýaly sürüm traktorlarynda olarda sürüm işini, dolandyrmak endiklerini, şol traktorlaryň gurluşyny we işleýşini talyplara düşündirmek sapaklary yzygiderli alnyp barylýar.
Talyplaryň nazary sapaklaryny geçirmek maksatly John Deere okuw merkezinde giň mümkinçilikli multimediýa tagtasy, dwigatelleriň, tizlik gutularyň, ýöreýiş böleginiň kesilip içi görkezilen asyl nusgalary has hem bilimlerini berkitmek üçin aýdyň mümkinçilikleri döredýär.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen “John Deere International GmbH” kompaniýasynyň arasynda baglaşylan ylalaşygy esasynda daşary ýurtly hünärmenler S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň talyplaryny John Deere oba hojalyk önümleri we iň täze tilsimatlary boýunça okuwlary geçýärler. Bu okuwlarda daşary ýurtly hünärmenler sanly telematik ulgamyny giňişleýin öwrenmek boýunça, ýurdumyzyň oba hojalygynda ulanykýan 6195M, 8235R kysymly traktorlaryň gurluşy, işleýşi, tehniki ideg geçirmegiň aýratynlyklary boýunça, 9970 pagta ýygyjy kombaýnyň gurluşy, işleýşi, enjamlaryny sazlamagyň, tehniki ideg geçirmegiň aýratynlyklary boýunça, däne orujy kombaýnlaryň gurluşy, işleýşi, enjamlaryny sazlamagyň, tehniki ideg geçirmegiň aýratynlyklary boýunça temalardan sapaklary geçýärler. Bu okuwlar oba hojalyk önümçiliginde işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly itergi berer.