Makalalar
5725HAZAR SUWOTYNY GUŞLARY IÝMITLENDIRMEKDE ULANMAK
Guşlary kadaly iýmitlendirmek olaryň geljekde önüm berjiligine hem täsiri örän ulydyr. Şeýle hem guşlaryň iýmiň hiline bolan talaby örän ýokarydyr. Çünki guşlar ýokumly maddalary diňe berilýän iýmleriň üsti bilen alýarlar. Şonuň üçin olara berilýän iýmleriň hiline aýratyn üns bermelidir. Olar iýmitlendirilende çalyşýan energiýa we protein, witaminler, fermentler, biologiki işjeň maddalar, makro we mikro elementler, aminokislotalar, ýaglar bilen üpjün etmek zerurdyr.
Şonuň üçin hem, iým garyndysynyň düzümindäki her bir iýmiň, goşundynyň hümmetini, täsirini öwrenip, iýmit paýyny ylmy esasda işläp düzmek guşlary iýmitlendirmekde wajyp meseleleriň biridir.
Häzirki wagtda oba hojalyk guşlarynyň iýmit paýyny ýokumly maddalar, aminokislotalar, witaminler, mineral maddalar, bilen baýlaşdyrmak üçin daşary ýurtlardan getirilýän goşundylar giňden ulanylýar. Getirilýän goşundylaryň mukdaryny iýmit paýynyň düzüminden azaltmak bolsa guşlaryň, aýratyn hem broýler guşçulygynyň önümliligini, ykdysady düşewüntliligini peseltýär. Şonuň üçin broýler jüýjelerini ýokary hümmetli iýmler bilen üpjün etmek esasy meseleleriň biri bolup durýar.
Hazar suw oty özüniň himiki düzümi boýunça ýokary ýokumly ot-iým hasaplanýar. Onuň düzümi ýeňil siňýän beloklara we çalyşmaýan aminokislotalara, witaminlere, makro we mikroelementlere hem-de beýleki biologiki işjeň maddalara baýdyr.
Hazar suw otunyň baý biohimiki düzümi bolany üçin guşlary iýmitlendirmekde ulanmaklyga şert döredýär. Şu maksat bilen towuklaryň ösüşine we önümliligine edýän täsirini öwrenmek üçin tejribe synag işleri geçirildi. Synag üçin kuçin tohumly towuklaryň 75 başy meňzeşlik alamatlary boýunça saýlanyp alyndy we 3 sany topar döredildi. Her toparda 25 baş boldy. Olaryň I- si adaty topar bolup, esasy rasion, II- si synag topary bolup, esasy rasiona 2 göterim, III-si synag topary bolup, oňada 3 göterim möçberinde hazar suwotuny goşup iýmitlendirildi.
Netijede hazar suwotunyň 3 göterim möçberi goşulyp iýmitlendirlen III synag toparynyň towuklarynyň diri agramynyň adaty topardan 12,8 göterim, ýumurtga berjiligi 26,2 göterim ýokary bolandygy anyklandy.
Merdan Nobatow
Maldarçylyk we weterinariýa
ylmy-önümçilik merkeziniň
“Maldarçylyk” bölüminiň müdiri