Sport

3278

Türkmenistan sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär, jemgyýetçilik sagdynlygynyň we ösüşiniň şerti hökmünde ýaşlar sportuna aýratyn üns berilýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem ýaşlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. 
Sporty söýýän talyp ýaşlarymyz teakwondo, dzýudo, başa-baş söweş sungaty, kik-boksing, suwda pökgi oýnamak ýaly sport görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlarymyzyň düzüminde türgenleşýärler we üstünlikli çykyş edýärler. Talyplaryň bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary, dürli sport-sagaldyş çärelerini geçirmek üçin ýokary okuw mekdebimiziň açyk hem-de ýapyk sport desgalary halkara ölçeglere laýyk derejä ýetirildi. Hünärleriň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulan «Bedenterbiýe» dersi boýunça okuw sapaklarynyň häzirki zaman kämil usulyýetleri we tehnologiýalary, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlary esasynda geçirilmegi üçin zerur bolan şertler döredildi. Häzirki wagtda talyp ýaşlarymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklaryna niýetlenen döwrebap okuw-türgenleşik serişdeleri üpjün edilip, sport toplumlarynyň we desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär.
Milli sportumyzy we bedenterbiýäni mundan beýläk hem ösdürmek, ýaşlarymyzy bedenterbiýe we sport hereketine köpçülikleýin çekmek maksady bilen, uniwersitetimizde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikler geçirilip, toparlaýyn fakultetara ýaryşlar yzygiderli guralýar. Şeýle-de, bilim ojagymyzda tejribeli tälimçilerdir türgenleriň gatnaşmaklarynda ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlary, kämil usullary we tehnologiýalary esasynda bilelikde okuw-usulyýet, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Soňky ýyllarda talyplarymyzyň Hindistan Respublikasynda Sportuň başa-baş söweş sungaty boýunça, şeýle-de Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde «CAVA Central Asia Challenge Cup 2022» atly halkara ýaryşlarda woleýbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolandyklary guwandyryjydyr.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly uniwersiadalara, şeýle-de, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän Türkmenistanyň çempionatlaryna talyp ýaşlarymyz işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlaryň onlarçasyna mynasyp bolýarlar.
Uniwersitetimizde dürli baýramçylyk dabaralary köpçülikleýin sport-medeni çäreler bilen utgaşykly guralýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça gurnaklar hereket edýär, talyplar bilen irdenki maşklar, ylgawlar geçirilýär. Olar Bütindünýä welosiped güni, Bütindünýä saglyk güni we beýleki baýramçylyklar mynasybetli geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişlere uly höwes bilen gatnaşýarlar.
Şeýle işler talyp ýaşlarymyzyň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, ruhubelent we watansöýüji hünärmenler bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

Uniwersitetiň açyk we ýapyk sport toplumlary:
  1. Futbol oýnamak üçin münber, oturgyçlar, ylgaw ýodalary, bezeg enjamlary bilen üpjün edilen 839 orunlyk futbol meýdançasy.
  2. Kiçi futbol, el pökgüsini oýnamak üçin 492 orunlyk, ölçegleri 50x30 m bolan meýdança.
  3. Basketbol, woleýbol oýnamak üçin 96 orunlyk, ölçegleri 20x30 m bolan meýdança.
  4. Tennis, woleýbol oýnamak üçin 100 orunlyk, ölçegleri 20x30 m bolan meýdança.
  5. 1 sany tennis oýnamak üçin 70 orunlyk kort.
  6. Basketbol, woleýbol, gandbol, kiçi futbol, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis oýnamak üçin 164 orunlyk ýapyk sport toplumy.
  7. Milli göreş, sambo, dzýu-do, erkin göreş, grek-rim göreşi üçin, geýim çalyşmak, suwa düşmek üçin enjamlaşdyrylan sport toplumy.
  8. Trenažor bilen işlemek üçin sport meýdançasy.

Paýlaş

Sport

Türkmenistan sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär, [...]

Sanly bilim

Türkmenistan sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär, [...]

Kitaphana

Türkmenistan sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär, [...]

Medeniýet

Türkmenistan sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär, [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm