Ylmy-önümçilik synag merkezler

5366
Ylmy-pedagogik işgärleriň, okaýanlaryň ylmy barlaglarynyň we döredijilik işiniň kömegi bilen, ylmy ösdürmek, ýokary hünär derejeli ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamak uniwersitetiň esasy wezipeleriniň biridir. Ýokary okuw mekdebimizde ylymda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmak maksady bilen, monografiýalary, kitaplary, ylmy we ylmy-köpçülikleýin žurnallary, kitapçalary, ýygyndylary çap etmek; bilimiň ylym we önümçilik bilen utgaşdyrylmagyny hem-de daşary ýurt döwletleriniň bilim ulgamlary bilen özara baglanyşdyrylmagyny gazanmak; ylmyň dürli ugurlary boýunça düýpli we ylmy-amaly barlaglary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlerde ylmy-önümçilik synag merkezleriniň orny uludyr. 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň düzüminde: Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezi, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkezi, Botanika bagy hereket edýär. Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde “Ýerli gara mallary Ýewropa tohumly (Simmental) öküzler bilen tohumlandyryp, tohum hilini gowulandyrmak we önümliligini ýokarlandyrmak” atly, “Garaköli goýunlaryny emeli usulda tohumlandyryp, seçgi geçirmek arkaly tohum hilini gowulan-dyrmak we önümliligini ýokarlandyrmak” atly, “Ýaş mallaryň öýken çişme, iç geçme we monezioz kesellerine garşy sarymsagyň ýagly ekstraktyny taýýarlamagyň tehnologiýasyny işläp düzmek” atly, “Ýurdumyzda öndürilýän ot-iýmleri ulanyp, et ugurly jüýjeler üçin iým garyndysyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini öwrenmek” atly, “Mallaryň garasan (emkar) keseline garşy waksinany işläp düzmek we önümçilige hödürlemek” atly, Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkezinde “Bag toplumyny baýlaşdyrmakda ýabany miweli ösümlikleri ulanmak” atly, Botanika bagynda “S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda Mirtler (Myrtáceae) maşgalasynyň görnüşleriniň introduksiýasy” atly temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bulardan başga-da, uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygynda we agromeýdançasynda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.

Paýlaş

Makalalar

Ylmy-pedagogik işgärleriň, okaýanlaryň ylmy barlaglarynyň we döredijilik iş [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52