Uniwersitetimiziň kafedralarynyň hepdelikleri üstünlikli dowam etdirilýär

806
Binýady berkden tutulan eziz ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze başlangyçlara we özgertmelere badalga berilýär. Halkymyzyň bähbidine amala aşyrylýan beýik işler bolsa nurly geljegimizi kepillendirýär. Elbetde, mähriban watanymyzyň röwşen geljegi watansöýüji, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, başarjaň ýaşlaryň elindedir. Bu günki gün ýaşlarmyzyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri we ýeňşe bolan yhlasy ylym-bilim ulgamymyzyň halkara derejelerine laýyklykda netijeli ösýändiginiň subutnamasydyr.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde yzgiderli geçirilýän ylmy-döredijilik çäreleri ilkinji nobatda talyp ýaşlarmyzyň  kämil we başarjaň bolmaklaryna esaslanýar. Bu maksat bilen hem uniwersitetimizde kafedralaryň hepdeliklerini geçirmeklik indi däbe öwrülip, häzirki wagtda bu hepdelikler yzgiderli gurnalýar. Bu bolsa talyplaryň diňe bir öz ugurlaryna däl-de eýsem dürli ugurlarda netije gazanmaklaryna ýardam edýär. Ýaňy ýakynda uniwersitetimiziň Tebigy bilimler kafedrasynyň gurnamagynda geçirilen “Fizika we matematika- takyk ylymlaryň çeşmesidir” atly hepdeligi hem gyzykly çärelere baý boldy. Bu hepdeligiň esasy maksady fizika we matematika dersleriniň okadylşyny kämilleşdirmek üçin netijeli iş usulyny gözlemeklige, talyplaryň alan bilimini çuňlaşdyrmaklyga, bu derslere talyplaryň höwesini, özbaşdak döredijilik endiklerini artdyrmaklygyň netijeli usullaryny gözlemeklige esaslandy. Hepdeligiň çäklerinde uniwersitetimiziň talyp ýaşlarynyň arasynda fizika we matematika derslerinden zehin bäsleşikleri geçirilip, oňa dürli hünärleriň talyplary işjeň gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşiklerde talyp ýaşlarymyz bu derslere bolan ýokary bilim derejelerini görkezmegi başardylar. Hepdeligiň dowamynda kafedranyň dosenti, fizika-matematika ylymlarynyň doktory Meret Meredowyň uniwersitetiň ähli professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda ýokary derejede geçen nusga sapagy bolsa hepdelige özboluşly öwüşgün çaýdy. Mundan başga-da bu hepdelikde kafedranyň tejribeli mugallymlarynyň geçirmeklerinde mekdep okuwçylaryna kämilleşdiriş-okuw sapaklary, sergiler we ekskursiýalar gurnaldy.
Umuman Tebigy bilimler kafedrasynyň gurnamagynda geçirilen “Fizika we matematika- takyk ylymlaryň çeşmesidir” atly hepdelik netijeli bolup, geçirilen bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, ýeňiji bolan talyplara uniwersitetiň rektorlygy tarapyndan hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ogulşirin Haýdarowa 
Tebigy bilimler kafedrasynyň uly mugallymy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm