Ýaş alymlar geňeşi
2759Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde döwletimiz bedew bady bilen gülläp ösýär. Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlary müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlaryň aýratyn alada bilen gurşalyp alnandygyny bellemeli.
“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklige, şeýle hem, olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleriň emele gelmegine, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýer ruhunda terbiýelemeklige uly itergi berýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky aladalaryndan ugur alnyp S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, ýokary ahlakly, kämil, watançy ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda agzybir professor – mugallymlar tarapyndan yzygiderli işler alnyp barylýar. “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny” laýyklykda uniwersitetimizde yzygiderli işler amala aşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän ata Watanymyzda türkmen ýaşlarynyň hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň “ Alymlaryň ylmy açyşlary, oýlap tapyşlary, ilkinji nobatda, biziň döwlet berkararlygymyza oňyn täsir edýändir, ony dabaralandyrýandyr”- diýip belleýşi ýaly häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde alnyp barylýan ylmy barlag işlerinde ýaşlaryň orny örän uludyr.
Uniwersitetiň Ýaş alymlar geňeşiniň düzüminde hereket edýän ylmy gurnaklar.
Häzirki wagtda uniwersitetimizde 9 sany ylmy gurnak hereket edip, gurnagyň agzalary tarapyndan birnäçe taslama işleri alnyp barylýar.
Ylmy gurnaklar:
- Geljegiň inženerleri
-Ýaş agroekolog
- Ussat agronom
- Ýaş weterinar lukmany
- Sanly tehnologiýalar
- Ýaş agrohimik
- Çeper eller
- Altyn damja
- Innowasion azyk tehnology
Ýaş alymlaryň ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallarda yzygiderli birnäçe ylmy hem-de publisistik makalalary çapdan çykýar. Mundan başga-da Ýaş alymlar Geňeşiniň işini kämilleşdirmek boýunça birnäçe ylmy maslahatlary, ýurdumyzda hereket edýän ylmy-barlag edaralarynyň alymlary we hünarmenleri bilen ylmy duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem uniwersitetimiziň talyplary tele we radioýaýlymlarda dowamly çykyşlary gurnap, döwletimiziň ylym-bilim syýasaty, ýaş nesilleriň röwşen geljegi, Watanymyzyň ösüşine bagyşlanyp taýýarlanylýan gepleşiklerde çykyş edýärler.
Ýanwar aýynyň 27-ne Ýaş alymlar Merkeziniň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Tehnologiýalar merkezinde bolan ylmy-amaly maslahata uniwersitetimiziň Ýaş alymlar Geňeşiniň agzalary işjeň gatnaşdylar. Ýaş alymlar Merkeziniň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan “Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň ylmy netijeleri” atly II tomluk ylmy makalalaryň ýygyndysynda uniwersitetimiziň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň jemi 10 sany ylmy makalasy çap edildi.
Mundan “Türkmenistanda ylym we tehnika” hem-de “Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy” ylmy žurnallarynda ylmy makalalar, şeýle hem ýurdumyzda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatlarynda uniwersitetimiziň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň tezisleri çap edildi.
Ýurdumyzda geçirilen ylmy hem-de döredijilik bäsleşiklerde gazanylan üstünlikler.
Uniwersitetimiziň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň arasynda yglan eden ylmy işleriň bäsleşigine işjeň gatnaşýarlar. 2022-nji ýylda yglan edilen bu bäsleşige uniwersitetimiziň ýaş zehinli mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň ylmy işleri bilen gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemleri boýunça:
- biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ugry boýunça uniwersitetimiziň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy, Ş.Şahyýew baýrakly I orna;
- biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika ugry boýunça uniwersitetimiziň Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby S.Muhammedowa baýrakly III orna mynasyp boldular.
Mundan başga-da her ýylda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ýaş alymlaryň ylmy taslamalarynyň sergi bäsleşiginde uniwersitetimiziň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby D.Rüstemow baýrakly I orna, Dokma önümçiligi fakultetiniň 4-nji ýyl talyby S.Muhammedowa baýrakly III orna mynasyp boldy.
Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan geçirilen innowasion taslama bäsleşigine Oba hojalygynyň ykydysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň 5–nji ýyl talyby D.Rüstemow “Sanly ýyladyşhana” atly taslama işi bilen gatnaşyp birnäçe baýrakly orunlara mynasyp boldy.
“Ýylyň talyby-2022”
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnaýan “Ýylyň talyby-2022” döwlet bilim bäsleşigine uniwersitetimiziň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 5-nji ýyl talyby K.Amanow gatnaşyp baş baýraga mynasyp boldy
Uniwersitetiň çäginde Ýaş alymlar geňeşi tarapynda geçirilen ylmy we döredijilik bäsleşikleri.
Uniwersitetimizde bilim alýan talyp ýalaryň döredijilige bolan höwesini artdyrmak, olarda Watanymyza, milletimize, halkymyza bolan söýgi döretmek, şeýle hem zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen talyplaryň arasynda birnäçe bäsleşikler geçirildi.
Geçirilen bäsleşikler:
- 2021-nji ýylyň dekabr aýynda baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ylmy gurnaklaryň arasynda diwar gazetini döretmek bäsleşigi geçirildi.
- 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Ýaş alymlar geňeşiniň düzüminde hereket edýän “Ýaş agroekolog” gurnagynyň gurnamagynda Agronomçylyk we Agroekologiýa fakultetleriniň talyplarynyň arasynda “Botanika” dersinden bäsleşik geçirildi;
- 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Ýaş alymlar geňeşiniň düzüminde hereket edýän “Ýaş agrohimik” gurnagynyň gurnamagynda “Agrohimiýa” dersi boýunça uniwersitetiň ähli talyplarynyň arasynda krossword çözmek bäsleşigi geçirildi;
- Fewral aýynyň 1-4-i aralygynda “Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy” atly bäsleşik geçirildi;
- Daşary ýurt dillerini öwrenmegi has-da işjeňleşdirmek maksady bilen ýanwar aýynyň 31-i we fewral aýynyň 3-i aralygynda “Dilim bar-dünýäm bar” ady bilen bäsleşik geçirildi;
- 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne talyplaryň arasynda “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr” atly kitap okamak bäsleşigi geçirildi (bäsleşige okamaklyk üçin Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet guşy” we “Älem içre at gezer” romanlary hödürlendi);
- 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ne uniwersitetiň fakultetleriniň arasynda geçirilen “Akyl giňişligi” zehin bäsleşiginiň final tapgyry geçirildi;
- 2022-nji ýylyň mart aýynyň 19-na uniwersitetiň talyplarynyň arasynda yglan edilen makala ýazmak boýunça bäsleşiginiň jemleri jemlendi ( makala ýazmak bäsleşigi fewral aýynyň 9-na yglan edilip, makala ýazmak üçin 3 sany ugur kesgitlendi);
- Mart aýynda “Ýaş agrohimik” gurnagynyň gurnamagynda uniwersitetimiziň ähli 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda krossword çözmek bäsleşigi geçirildi.
- Mart aýynda uniwersitetimiziň Tebigy bilimler kafedrasynyň gurnamagynda fizika agşamy geçirildi. Bu çärä uniwersitetimiziň Ýaş alymlar Geňeşiniň düzüminde hereket edýän “Kwant” gurnagynyň agzalary işjeň gatnaşdylar.
- Mart aýynyň 26-na “Ýaş agroekolog” gurnagynyň gurnamagynda Agroekologiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda “Bilermenler” atly bäsleşik geçirildi.
- 2022-nji ýylyň iýun aýynyň 8-ne uniwersitetiň talyplarynyň arasynda sergi taslama işleriniň bäsleşigi geçirildi we ýeňiji bolan taslama işleri ýurdumyzda Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän ýaş alymlaryň ylmy işleriniň sergi taslama bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazandylar;
- Mundan başga-da uniwersitetimiziň ýaş mugallymlary we talyp ýaşlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň yglan eden ylmy we döredijilik bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar.
Hasabat berilýän döwürde talyplaryň alyp barýan ylmy barlag işlerini kämilleşdirmek maksady bilen ylmy seminar okuwlarynyň birnäçesi gurnaldy. Şeýle okuwlar uniwersitetimzde hereket edýän “Ýaş agroekolog”, “Ýaş agrohimik”, “Ussat agronom”, “Innowasion azyk tehnology”, “Ýaş weterinar lukmany” gurnaklarynda gurnaldy. Ylmy seminar okuwlarynyň dowamynda uniwersitetimizde zähmet çekýän tejribeli professor – mugallymlar ylmy barlag işlerini alyp barmakda usullaryň aýratynlygy hem-de ähmiýeti hakynda talyp ýaşlaryň öňünde çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda ýokary okuw jaýlarynda hereket edýän ylmy gurnaklaryň işiniň kämilleşmegine ýardam bermek, zehinli talyp ýaşlary ylmy-barlag, ylmy taslama we ylmy-döredijilik işlerine çekmek maksady bilen uniwersitetimizden jemi 12 sany ylmy hem-de taslama işi Tehnologiýalar merkeziniň “Tehnologiýalar transfer merkezine” ugradyldy. Ylmy hem-de taslama işini ugratmaklyk işi dowam edýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky ýaş alymlar merkezi tarapyndan gurnalýan “ Ykdysadyýetiň pudaklary üçin ylmy işgärleriň we ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanmagynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmy barlaglaryň işjeňleşdirilmeginde “Alym Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda döwlet syýasatyny amala aşyrmakda ýaş alymlaryň orny” atly wideomaslahata biziň ýokary okuw mekdebimiz yzygiderli gatnaşýar we ol maslahatda çykyş etdi.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýaşlarymyzy dürli hünärlere ugrukdyrmak, zähmet bazaryna uýgunlaşmagyna ýardam bermek, telekeçilik işine höwesli ýaşlary telekeçilige ugrukdyrmak, ýaş telekeçilere telekeçilik işiniň ýöredilişini öwretmek, bu ugurda maslahat-okuwlaryny, duşuşuklaryny guramak we degişli goldawlary bermek ugrunda giň möçberleýin işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda biziň ýokary okuw mekdebimizde her hepdäniň şenbe güni ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň agzalarynyň, ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň hem-de hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ylmy duşuşyklar we maslahatlar geçirilýär. Bu ylmy duşuşyklara biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyp ýaşlary hem yzygiderli gatnaşyp oba hojalyk pudagynyň ylmy hem-de ykdysady esaslaryny çuňňur öwrenýärler. Ylmy duşuşyklarda çykyş edýän telekeçiler telekçilik işine başlamak we ýola goýmagy amala aşyrmak üçin zerur bolan serişdeler, ýurdumyzyň içerki bazarlarynda haryt bolçulygyny döretmekde we gurluşyk pudagyny ýokarlandyrmakda alnyp barylýan netijeli işler, bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçilik işi, emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, edara görnüşli we şahsy taraplara hyzmat etmek arkaly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak iş hakynda gürrüň berýärler. Häzirki wagtda ýaşlarymyz innowasiýa, ylym, lukmançylyk, IT tehnologiýa bilen içgin gyzyklanýarlar. Ylmy duşuşygyň esasy wezipesi ýaşlarymyzy höweslendirmek we ösüşiň dogry ýoluny görkezmek bolup durýar. Işewürlik bilen meşgullanmaga, döretmäge ukyply, başarjaň, sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar.