Halkara olimpiadalar

85

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny guramak we geçirmek hakyndaky 

DÜZGÜNNAMA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak babatynda alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Ýurdumyzda ekologik meselelere bagyşlanan sebit we halkara derejelerdäki çäreler yzygiderli geçirilýär. 
Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar hem tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalarynyň ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk bolmagyna uly üns berilýär. 
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen özara dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda  V açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny geçirmek boýunça şu düzgünnama işlenip taýýarlandy.

1. Umumy düzgünler
Şu düzgünnama ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasyny (mundan beýläk – olimpiada) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär. 
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu olimpiadany yzygiderli geçirmek Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilýändigini we geljekde bu ulgamy has-da ösdürjek hünärmenleriň ýetişjekdigini, ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalary ulanmaga ukyplydygyny görkezer, şeýle hem, dünýäniň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we ekologiki meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam eder.

2. Olimpiadanyň maksady we wezipeleri:
- Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyklaryny pugtalandyrmak;
- ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek;
- talyplaryň döredijilik ukyp-başarnygyny, ylmy gözleglere we hünärine bolan höwesini artdyrmak;
- aýratyn zehinli ýaşlary goldamak üçin gerekli şertleri döretmek, ýaşlaryň arasynda ylym-bilimi ýaýratmak we öňe sürmek;
- ýaşlary mundan beýläk-de bilimini kämilleşdirmeklige ruhlandyrmak;
- häzirki döwürde ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen ýüze çykýan ekologiki meseleleri çözmäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;
- talyplaryň ekologik sowatlylygyny – tebigaty goramak we ekologiýa gatnaşyklaryny öz geljekki hünärlerinde peýdalanyp bilmek ukyplaryny ösdürmek;
- sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmak arkaly talyplarda ekologiýa we daşky gurşawy goramaklyga degişli nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek.

3. Olimpiadanyň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda olimpiadany guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk toparynyň düzümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektorynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
Guramaçylyk topary:
- ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda olimpiadany geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
- olimpiadany geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri hem-de usulyýet we  gözükdiriji gollanmalary taýýarlaýar;
- Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen olimpiadanyň meselelerini işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.

4. Olimpiadany guramagyň we geçirmegiň tertibi
4.1. Olimpiada Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň we hünärleriniň talyplary gatnaşyp biler.
4.2. Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde geçiriler.
4.3. Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleridir.
4.4. Olimpiada gatnaşmak üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda (tohu.edu.tm) gatnaşyjy baradaky maglumatlary girizip, agza bolmaly. Hasaba alnyşyk 2026-njy ýylyň 24-nji noýabryna çenli dowam eder. 
4.5. Olimpiada 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda we “moodle” platformasynda geçiriler.
4.6. Olimpiada ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler we ähli gatnaşyjylar ekran arkaly göni ýaýlymda görkeziler.
4.7. Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara bir gezek ulanmaga niýetlenen ulanyjynyň ady (login) we parol olimpiada geçirilýän güni gatnaşyjynyň hasaba alnan elektron salgysyna ugradylýar.
4.8. Olimpiadanyň geçirilýän ýerini doly gözegçilikde saklamak üçin kompýuterler we web-kameralar üznüksiz internet toruna birikdirilen     hem-de olimpiada tamamlanýança doly işjeň ýagdaýda bolmaly.
4.9. Talyp ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda tehniki näsazlyklar ýüze çykan halatynda haýal etmän olimpiadanyň gurnaýjylaryna ýüz tutmaly.
4.10. Olimpiadada beriljek ýumuşlar ekologiýanyň aşakdaky bölümleri boýunça Guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylýar:
- populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy;
- adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri;
- senagat ekologiýasy;
- ekologiki monitoring;
- ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar.
4.11. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin jemi 90 minut wagt berler.
4.12. Gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýär we jogaplary açylan programma üpjünçiliginde “Jogap” diýen öýjüge meseläniň şertinde görkezilişi ýaly girizýär. Eger-de ýumuş test görnüşinde berilse, onda gatnaşyjy dogry diýip hasap edýän jogabyny belleýär we indiki soraga geçýär.
4.13. Olimpiada gatnaşýan talyp berlen ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Olimpiada geçýän döwründe talyba gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşmäge, dürli edebiýat çeşmelerinden we internet ulgamynyň beýleki sahypalaryndan peýdalanmaga, telefon we şuňa meňzeş maglumat göterijileri ulanmaga rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan talyp olimpiada gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
4.14. Şol bir ýokary okuw mekdebiniň talyplary birmeňzeş netije görkezen (dogry we nädogry jogaplary deň gelen) ýagdaýynda düzgün bozulma hasap ediler we talyplaryň işleri bahalandyrylmaýar.
4.15. Arz-şikaýat bilen gatnaşyjy Guramaçylyk toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler. Arz-şikaýatlar Guramaçylyk topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni Guramaçylyk toparynyň başlygy kesgitleýär.

5. Olimpiadanyň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
5.1. Olimpiada gatnaşýan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyrylar we netijeleri jemlener.
5.2. Olimpiadanyň ýeňijileri gatnaşyjylaryň gazanan ballary boýunça kesgitlenýär.
5.3. Ýeňijileriň sany gatnaşyjylaryň umumy sanyna görä kesgitlenilýär (30 % geçmeli däl).
5.4. Olimpiadanyň netijeleri beýan arkaly resmileşdirilýär we Guramaçylyk toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.
5.5. Olimpiadanyň ýeňijileri: 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanýar.
 

Habarlaşmak üçin:
tel: +99365633644
E-poçta: tm.tau.2022@gmail.сom


Olimpiadanyň guramaçylyk topary

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52