«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdep okuwçylarynyň arasynda Matematika we Fizika derslerinden geçiriljek olimpiadanyň
DÜZGÜNNAMASY
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryny durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Matematika we Fizika dersleri boýunça olimpiadany geçirmegiň şu Düzgünnamasy işlenip taýýarlanyldy.
1. UMUMY DÜZGÜNLER
1.1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda Matematika hem-de Fizika dersleri boýunça olimpiadany (mundan beýläk — olimpiada) guramagyň we geçirmegiň tertibini kesgitleýän kadalaşdyryjy resminamadyr.
1.2. Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine işjeň goşulyşýan döwründe Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza we Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ukyply hem-de başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak döwrüň esasy wezipeleriniň biridir.
1.3. Olimpiadany geçirmegiň esasy maksady — ýurdumyzda takyk ugurlar boýunça bilim bermegi dünýä standartlaryna laýyklykda kämilleşdirmekden, okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly okuwçylaryň bilim derejesini, ukyplaryny we endiklerini açyp görkezmekden ybaratdyr.
1.4. Olimpiadanyň geçirilmegi häzirki zamanyň ylmy we amaly meselelerini derňemäge ukyply, döredijilikli şahsyýetleri kemala getirmäge, ýaşlaryň Matematika we Fizika derslerine bolan höwesini artdyrmaga, orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de okuwçylary geljekki hünärlerine ugrukdyrmaga itergi berer.
2. OLIMPIADANYŇ ESASY WEZIPELERI
Olimpiadanyň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat:
2.1. Okuwçylarda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nazary bilimleri amaly meseleleri çözmek bilen utgaşdyrmaga bolan gyzyklanmany artdyrmak;
2.2. Zehinli hem-de ukyply ýaşlary ýüze çykarmak we olary ylmy-döredijilik işlerine höweslendirmek;
2.3. Sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýokary okuw mekdepleri bilen orta mekdepleriň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak;
2.4. Bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ders bäsleşiklerine gatnaşýan okuwçylaryň nazary we amaly taýýarlyk derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmak;
2.5. Okuwçylaryň intellektual ukyplaryna we zehin aýratynlyklaryna laýyklykda, hünär saýlamaklaryna döwrebap we oňyn şertleri döretmek.
3. OLIMPIADANYŇ GEÇIRILIŞ TERTIBI WE ŞERTLERI
3.1. Olimpiada 12-nji synp okuwçylaryň arasynda 3 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler;
3.2. Olimpiadanyň resmi iş dili – türkmen we rus dilleridir;
3.3. Olimpiadada beriljek ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylar;
3.4. Olimpiadanyň 1-nji (etrap) tapgyry ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdep okuwçylarynyň arasynda 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 10-na her etrap (şäher) bilim bölümi tarapyndan bellenilen mekdepde geçiriler. 1-nji tapgyryň ýumuşlary şol gün sagat 10:00-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynda (tohu.edu.tm) ýerleşdiriler;
3.4.1. 1-nji tapgyryň netijeleri her etrap (şäher) boýunça aýratynlykda hasaba alynýar;
3.4.2. 1-nji tapgyrda her etrapdan (şäherden) tapawutlanan 3 okuwçy 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanar. Etrap (şäher) bilim bölüminiň jogapkär hünärmenleri 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň maglumatlaryny aşakdaky nusga laýyklykda dolduryp, tm.tau.2022@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly;
3.5. Olimpiadanyň 2-nji tapgyry 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 16-syna sagat 10:00-da 12-nji synp okuwçylaryň arasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynyň üsti bilen bilim portalynyň binýadynda onlaýn görnüşinde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler;
3.5.1. Gatnaşyjylar 2-nji tapgyryň başlanmagyna 1 (bir) sagat galanda şu aşakdaky bellenilen merkezlere barmalydyrlar:
Aşgabat, Arkadag şäherleri we Ahal welaýaty: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti;
Mary welaýaty: Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty;
Lebap welaýaty: Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty;
Daşoguz welaýaty: Türkmen oba hojalyk instituty;
Balkan welaýaty: Balkan welaýat Baş bilim müdirligi.
3.5.2. Gatnaşyjylaryň ählisi häzirki zaman kompýuterleri bilen üpjün edilmelidir. Ähli kompýuterleriň internete çatylmagy hökmanydyr (internet ýeterlikli tizlikde işleýän bolmaly);
3.5.3. Olimpiadany adalatly we guramaçylykly geçirmek maksady bilen 2-nji tapgyryň geçirilýän ýerinde gözegçilik amala aşyrylar;
3.5.4. Guramaçylyk topary tarapyndan gatnaşyjylara ulanyjynyň ady (login) we parol beriler;
3.5.5. Ulanyjynyň ady (login) hem-de paroly bir gezek ulanmaga niýetlenendir we ony 2-nji tapgyryň geçirilýän güni bellenilen wagtda ulgama girmek üçin ulanyp bolýar;
3.5.6. Gatnaşyjy ulanyş sahypasyna gireninde dersiň okuw maksatnamasyna laýyklykda ýumuşlar açylýar. Gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýär we jogaplary açylan programma üpjünçiliginde “Jogap” diýen öýjüge meseläniň şertinde görkezilişi ýaly girizýär;
3.5.7. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin jemi berilýän wagt – 120 minut;
3.5.8. Gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirýän wagtynda diňe internet olimpiadasyna degişli programma üpjünçiligi bilen işlemeli;
3.5.9. Gatnaşyjy ýany bilen diňe ýazuw kagyzyny, ruçka, galam alyp biler;
3.5.10. Ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berlen wagtyň dowamynda gatnaşyjylara okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan, aragatnaşyk serişdelerinden, öýjükli telefonyndan, gözükdirijilerden, maglumat göteriji-geçiriji beýleki islendik serişdelerinden peýdalanmaga rugsat berilmeýär;
3.5.11. Olimpiada gatnaşýan okuwçylar hödürlenen meseleleri özbaşdak çözmeli. Olimpiadanyň geçirilýän wagty goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen gürleşen ýa-da şu düzgünnamanyň 3.5.10 bendini bozan gatnaşyjy olimpiada gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylýar;
3.5.12. Olimpiadanyň 2-nji tapgyrynyň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenýär we soňky gatnaşyjy ýumuşlary ýerine ýetirip bolan dessine netijeler ähli gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetiriler;
3.5.13. Her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden her dersden azyndan 2 (iki) sany okuwçynyň gatnaşmagy nazarda tutulyp, 2-nji tapgyrda iň ýokary netije görkezen 40 (kyrk) sany okuwçy 3-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar.
3.6. Olimpiadanyň 3-nji tapgyry 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 22-ine sagat 10:00-da 12-nji synp okuwçylaryň arasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçirilýär.
3.6.1. 3-nji tapgyrda gatnaşyjylara jemi 7 mesele hödürlener;
3.6.2. Gatnaşyjylar meseleleri kagyzda ýazyp çözýärler;
3.6.3. 3-nji tapgyrda meseleleri çözmek üçin jemi 180 minut wagt berler;
3.6.4. Olimpiadanyň 3-nji tapgyrynyň eminler toparynyň düzümi Guramaçylyk topary tarapyndan tassyklanylýar. Onuň düzümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary bilen bir hatarda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden bir sany hünärmen mugallym goşulýar.
3.7. Olimpiadanyň 3-nji (jemleýji) tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylaryň we olaryň ýolbaşçy mugallymlarynyň olimpiada dowam edýän döwründe umumy ýaşaýyş jaýy we naharlanmak bilen bagly çykdajylary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan bellenilen tertipde üpjün edilýär.
3.7.1. Olimpiada gatnaşýanlaryň uniwersitete gelip-gitmekleri bilen bagly ýol-ulag çykdajylary ugradýan tarapyň hasabyna amala aşyrylýar. Okuwçylaryň olimpiada gelip-gitmekdäki ýol howpsuzlygy, bellenilen merkezlerde özüni alyp baryş we tertip-düzgün kadalaryny berjaý edişi üçin doly jogapkärçilik olary ugradýan tarapyň jogapkär hünärmeniniň (ýolbaşçy mugallymynyň) üstüne ýüklenilýär.
4. OLIMPIADANYŇ JEMINI JEMLEMEK WE ÝEŇIJILERI YGLAN ETMEK
4.1. Olimpiadanyň deslapky netijesi diňe 3-nji tapgyrda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenip, olimpiadanyň geçirilýän güni yglan edilýär;
4.2. Netijeler bilen ylalaşmadyk gatnaşyjylar, olaryň yglan edilen pursadyndan başlap 1 (bir) sagadyň dowamynda arz-şikaýat bilen ýüz tutup bilerler.
4.3. Ýeňijileriň umumy sany 3-nji tapgyra gatnaşyjylaryň 30 %-i çäklerinde bellenilip, ýerler (I, II, III orunlar) 1:2:3 gatnaşykda paýlanylýar.
4.4. Eminler toparynyň netijenamasy esasynda olimpiadanyň gutarnykly netijeleri we ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.
4.5. Olimpiadanyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 23-ine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçiriler.
4.6. Olimpiadanyň ýeňijileri degişli derejeli (I, II we III) diplomlar hem-de ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar.
Habarlaşmak üçin:
+99365633644, +99364808956, +99363032707 tm.tau.2022@gmail.com
Olimpiadanyň guramaçylyk topary