S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Ekerançylyk kafedrasynyň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biotehnologiýa boýunça
I internet ders bäsleşigini geçirmegiň
DÜZGÜNNAMASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni ajaýyp üstünliklere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ähli pudaklarda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin” Döwlet maksatnamasynda öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biotehnologiýa boýunça I internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Biotehnologiýa boýunça I internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Bäsleşigi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Ekerançylyk kafedrasy guraýar.
Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we geçirmegiň şertleri uniwersitetiň www.tohu.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.
1. Bäsleşigiň maksatlary
Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň maksady:
- ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;
- ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;
- hünärmenleri taýýarlamakda biotehnologiýa dersiniň ähmiýetine düşünmek;
- talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;
- talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek;
- önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;
- halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak;
- hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.
2. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
2.1. Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.
Guramaçylyk topary:
- ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
- bäsleşigi geçirmegiň tertibini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar.
2.2. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň dürli ugurlarynyň, hünärleriniň ýokary bilim maksatnamalary boýunça okaýan talyplary gatnaşyp bilerler.
2.3. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2025-nji ýylyň 15-nji maýyna çenli uniwersitetiň mahriitohu@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.
2.4. Bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, onda gatnaşyjylara 50 sany soragdan ybarat bolan test soraglary berler. Her bir test soragy derejesine görä, 1-5 ball aralygynda bahalandyrylyp, jogaplaryň umumy netijesi 100 bally ulgam boýunça kesgitlener.
2.5. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 21-nji maýynda sagat 14:00-da başlanýar.
2.6. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.
2.7. Bäsleşigiň ýumuşlary uniwersitetiň www.tohu.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.
2.8. Bäsleşigiň gatnaşyjylaryna aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.
2.9. Bäsleşige gatnaşýan talyplar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap, internet maglumatlaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
2.10. Bäsleşigiň şahsy bäsleşik görnüşiniň test soraglaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 60 minut.
2.11. Bäsleşigiň eminler topary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekillerinden düzülýär.
2.12. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
2.13. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.
2.14. Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.
3. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
3.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.
3.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 5%-i I derejeli, 10%-i II derejeli we 15%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
3.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.
3.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar uniwersitetiň www.tohu.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin tel.: +99363889360; +99364975521;
e-mail: mahriitohu@gmail.com
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
guramaçylyk topary