Sanly bilim

9794

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ul­ga­myň işi­ni döw­re­bap de­re­je­de gu­ra­mak, oňa in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýaş­la­ra be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, bu ba­bat­da, mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry göz öňün­de tut­mak bi­len, dün­ýä tej­ri­be­sin­den ugur al­mak, san­ly bi­lim ul­ga­my­na geç­mek bo­ýun­ça giň möç­ber­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hut şul nuk­daý­na­zar­dan ugur alyp, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da 2019-2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy tap­gyr­ma-tap­gyr dur­mu­şa ge­çir­il­ýär. Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2017-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da tas­syk­lan “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny” my­sal ge­tir­mek bo­lar. Ýurt­da san­ly ul­ga­ma geç­mek­lik­de bi­lim ul­ga­my­na uly orun de­giş­li­dir.
San­ly bi­li­mi ös­dür­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän mu­gal­lym­la­rdyr hü­när­men­le­riň, şeý­le-de bi­lim al­ýan­la­ryň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­mak­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­dir. Şeý­le­lik-de, hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­riň we mag­lu­mat gor­la­ry­nyň ula­ny­ly­şyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň bu ugur­da taý­ýar­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek we­zi­pe­si hem öňe çy­ka­ryl­ýar. Şun­da ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, mu­gal­lym­la­ryň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler bo­ýun­ça uniwersitetimizde hü­när­men­ler,  mu­gal­lym­lar, şeý­le-de talyplardan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. San­ly bi­lim por­ta­ly elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry ýa­ly bö­lüm­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, mekdebimizde san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, mekdebimizde or­ta  okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da, şol san­da bi­lim ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk edil­ýän ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Okuw mek­debimizde hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim–ter­bi­ýe­çi­lik, ylym, sport, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri­ni ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li öz­gert­me­le­ri, ösüş­le­ri giň­den şöh­le­len­dir­mek­de san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Şo­nuň ýa­ly­-da, mekdebimizde san­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bi­len ders­ler bo­ýun­ça döw­re­bap elekt­ron okuw-usu­ly top­lum­lar, elekt­ron okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, wi­deo-au­dio­ ma­te­ri­al­lar, in­te­r­ak­tiw-mul­ti­me­dia prog­ram­ma­la­ry,  mag­lu­mat ki­tap­ça­la­ry dö­re­dil­ýär.
Bi­ziň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetimiz hem bu kon­sep­si­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Paýlaş

Sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Sanly bilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Kitaphana

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly [...]

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52