Medeniýet

5567

"Altyn - asyr" medeniýet merkezi

Uniwersitetiň "Altyn asyr" medeniýet merkezi 1999-njy ýylyň mart aýynda döredilip, ähli talyp ýaşlaryň medeniýet ojagyna öwrüldi.
Medeniýet merkeziniň esasy maksady, Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesillerimize edýän yzygiderli howandarlyk aladalaryndan, sargytlaryndan, öwüt-ündewlerinden hem-de öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, talyp ýaşlaryň ynsanperwerligini, watansöýüjiligini belende götermek, milli medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgüsini artdyrmak, özara dost-doganlygyny pugtalandyrmak, zehin başamyklaryny ýüze çykarmak, ýaşlary sungatyň dürli ugurlary boýunça gyzyklandyrmak, olaryň medeniýetli hünärmenler bolup ýetişmegini üpjün etmek bolup durýar.
"Altyn asyr" medeniýet merkezinde dürli ugurlar boýunça, ýagny aýdym-saz, tans we dutarçylar toparlary hereket edýär.
"Altyn asyr" medeniýet merkezi döredilen gününden bäri talyplar uniwersitetde we onuň çäginden daşarda, şeýle hem paýtagtymyzyň dynç alyş merkezlerinde we oba hojalyk toplumyna degişli baýramçylyklar mynasybetli seýilgählerde yzygiderli çykyş edýärler. Okuw ýylynyň dowamynda merkeziň çeper höwesjeň talyplary tarapyndan ortaça 40-dan gowrak konsert meýilnamasy bilen çykyşlar gurnalýar.
Medeniýet merkeziniň çeper höwesjeň talyplary Türkmenistanyň teleýaýlymlarynyň geçirilýän bäsleşiklerine we edebi gepleşiklerine yzygiderli işeňňir gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşiniň we Bilim ministrliginiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda her ýylda geçirilýän "Talyp joşguny" atly döredijilik festiwalynda uniwersitetiň "Altyn asyr" medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň üstünlikli çykyş edendikleri üçin Hormatly Prezidentimiziň Şa sowgatlaryna hem-de festiwalyň Diplomyna birnäçe gezek mynasyp boldular. Bulardan başga-da, medeniýet merkeziniň döredijilik topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy hem-de 2 gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak nesip etdi.
Uniwersitetde döredilen "Altyn asyr" medeniýet merkezi talyplaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, aýdym-saz sungatynyň syrlaryny açmakda, medeni-aň düşünjelerini giňeltmekde we döredijilikli işlemegi öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetli wezipeleri ýerine ýetirýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52