7373
Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakulteti 1941-nji ýylda döredilen. Fakultetde 3 sany taýýarlyk ugurlary boýunça hünär derejeli oba hojalyk inžener-mehanikleri taýýarlanylýar:
- Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek (oba hojalygynda);
- Melioratiw işlerini mehanizmleşdirmek (oba hojalygynda);
- Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak).
Taýýarlyk ugurlarynyň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan hünär derslerinden bilim berýän mugallymlaryň hünär başarnyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de olaryň ylmy-pedagogik tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen, olar ylmy-barlag işlerine giňden çekilýär. Türkmenistanda kuwwatly “Komatsu”, “Caterpillar”, “MTZ”, “John-Deere”, “Case”, “CLAAS” traktorlaryň, KAMAZ, ZIL, GAZ, ýaly ýük awtomobilleriň we suw hojalygynda ulanylýan beýleki tehnikalaryň uly mukdarlaryndan peýdalanýarlar. Bu maşynlaryň konstruksiýalary we ulanylyş hilleri häzirki zaman talaplaryny ödeýärler, ýöne olaryň gurluşlary çylşyrymlydyr hem-de bahalary gymmatdyr. Şonuň üçin olaryň tehniki hyzmatyna, ýeňil we düýpli bejerişlerine oýlanyşykly çemeleşmeklik talap edilýär, bu bolsa olaryň enjamlaryndan netijeli peýdalanmak boýunça endiklerini kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Fakultetde alty sany kafedra hereket edýär:
- Amaly mehanika kafedrasy;
- Oba hojalyk maşynlary kafedrasy;
- Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasy;
- Oba hojalygyny elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak kafedrasy;
- Traktorlar we awtomobiller kafedrasy.