Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek
6618Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakulteti 1995-nji ýylda açyldy. Fakultetde 4 sany hünärler boýunça inžener-tehnologlar taýýarlanylýar:
- Miwe-gök önümlerini gaýtadan işlemek;
- Et-süýt önümlerini gaýtadan işlemek;
- Dänäni gaýtadan işlemek;
- Ösümlik ýagyny öndürmek.
Fakultetde talyp ýaşlaryň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uniwersitetimizde uly işler alnyp barylýar. Talyplar okuw meýilnamasyna laýyklykda okuw hem-de önümçilik tejribeliklerinde ýygy-ýygydan bolýarlar we hünär endiklerini has-da artdyrýarlar. Ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynda mugallymlaryň we önümçilikdäki hünär halypalarynyň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar kärhanada alnyp barylýan işleri, önüm öndürmegiň tehnologiýalaryny, tehnologiki enjamlaryň işleýiş düzgünlerini okuwda alan nazary bilimleri bilen baglanyşdyryp içgin öwrenýärler. Hünärleriň okuw meýilnamalarynda göz öňünde tutulýan hünär derslerinden bilim berýän mugallymlaryň hünär başarnyklaryny netijeli peýdalanmak hem-de olaryň ylmy-pedagogik tejribelerini kämilleşdirmek maksady bilen, olar ylmy-barlag işlerine giňden çekilýär.
Häzirki wagtda fakultetde üç sany kafedra hereket edýär:
- Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek;
- Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek;
- Umumy himiýa.