HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK SOWGATLARY GOWŞURYLDY

256
5-nji martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde  Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onda ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýän aýal-gyzlara we okaýan talyp gelin-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Dabarada bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryna, Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerine aýratyn sarpa goýulýar. Şu günler baýramçylyga bagyşlanyp, ýurdumyzyň çar künjeginde geçirilýän aýdym-sazly dabaralar milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, maşgalanyň sütüni we abraýy, ýokary ahlaklylygyň nusgasy hökmünde eziz enelerimiziň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň iňňän gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgesidir. Watana, il-güne, peder ojagyna wepaly, lebzi halal, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyz biziň abraý-mertebämizdir.

Baýramçylyk mynasybetli zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge asylly goşantlary nazara alnyp, enelerimize «Ene mähri» diýen hormatly at dakylýar, gelin-gyzlarymyz «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Şeýle dabaralar zenanlarymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de olara goýulýan hormatyň nyşanydyr.

Baýramçylyk dabarasy uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň talyplarynyň eziz eneleri, mähriban aýal-gyzlary wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Olarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda ene mukaddesligi hakynda öňe sürlen garaýyşlar wagyz edildi.

Dabara gatnaşanlar «Zenanlar biziň eziz Diýarymyzyň buýsanjydyr» diýip, gelin-gyzlarymyza aýratyn sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň hemişe aman bolmagyny arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52