EKOLOGIÝA DERSINDEN BÄSLEŞIGIŇ 1-nji TAPGYRYNYŇ JEMI JEMLENDI
4504-nji martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda Ekologiýa dersinden bäsleşigiň 1-nji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden jemi 250-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Bu tapgyrda okuwçylar sanly bilim ulgamyny ulanmak arkaly ekologiýadan bilim-düşünjelerini görkezdiler we has tapawutlananlar 2-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň 2-nji tapgyry 2025-nji ýylyň 26-njy martynda sagat 10:00-da S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçiriler. Oňa gatnaşyjylar öz ylmy taslamasy bilen çykyş ederler. Gatnaşyjylaryň ylmy-taslama işiniň word görnüşindäki ýazgysyny taýýarlap, 2025-nji ýylyň 22-nji martyna çenli tm.tau.2022@gmail.com elektron salgysyna ugratmalydygyny ýatladýarys.
Ylmy taslamalar Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň açlygy ýok etmek, arassa suw we arassaçylyk, elýeterli we arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreş, deňziň ekologik ulgamyny gorap saklamak, gury ýer ekologik ulgamyny gorap saklamak ýaly ugurlaryna degişli bolmaly.
