«TALYP GÖZELI — 2025» ATLY GÖZELLIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

285
Halkara zenanlar güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2025» atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Ol talyp gyzlaryň ata Watanymyza bolan buýsanjyny, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny, asylly häsiýetlerini, ezberligini we döredijilik ukyplaryny açyp görkezdi.

Bäsleşik 3 şertden ybarat bolup, oňa gatnaşan talyp gyzlar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda zenanlara goýulýan sarpany aýdymdyr goşgularyň, sahna çykyşlarynyň üsti bilen beýan etdiler. 1-nji şertde olaryň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny görkezmekleri üçin 5 minut wagt berildi. Talyp gözeller 2-nji şertde «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, unaş kesmekde bäsleşdiler. Munuň üçin olara 10 minut wagt berildi. 3-nji şert «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylyp, onda  talyp gyzlar keşde çekdiler. Munuň üçin 15 minut wagt berildi.

Netijede, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Güljahan Hojaýewa baş baýraga mynasyp boldy hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52