«SPORT WE PARAHATÇYLYK» ÝARYŞLARYŇ BAŞ ŞYGARYNA ÖWRÜLDI

225
Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem talyplaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, sporty söýýän nesil bolup kemala gelmegi ugrunda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça anyk wezipeleri öňde goýýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär» diýip belleýär. Döredilýän şertleriň netijesinde, täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi, ýokary netijeli sport barha rowaçlanýar.

22-nji fewralda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýapyk sport toplumynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli talyplaryň arasynda sportuň birnäçe görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Sport ýaryşlary futzal, woleýbol, basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirildi. Ýaryşlara ýokary okuw mekdebimiziň bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymlary eminlik etdiler.

Ýaryşlar örän gyzykly we çekeleşikli bolup, olarda talyp ýaşlar sport ussatlygyny görkezdiler. Ýeňijiler uniwersitetimiziň rektorlygy hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sylaglanyldy.

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda parahatçylygyň we dost-doganlygyň ilçisi hökmünde sportda uly üstünlikler gazanylýar. Ýeri gelende bellesek, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 18-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň düzüminde sportuň şaşka görnüşi boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agzybir professor-mugallymlary toparlaýyn baýrakly I orunlara hem-de Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan professor-mugallymlarymyzy hem-de talyp ýaşlarymyzy gutlaýarys hem-de geljekde şeýle üstünlikleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

Allamyrat DURDYMÄDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalygyny 
elektrikleşdirmek we awtomatlaşdyrmak 
kafedrasynyň müdiri.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52