WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

80
17-nji fewralda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyp ýaşlarynyň arasynda terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Baş prokuraturasynyň, Içeri işler ministrliginiň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäre 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleridir gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşini gazanmak, jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, hukuk sowatlylygyny artdyrmak hem-de ýaşlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek, türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy.

Uniwersitetimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak, «Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli işler, şol sanda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji fewralda guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde geçiren iş maslahatynda hem şu ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli toýlarymyzyň goşa-goşadan gelýändigini aýdyp, şanly toýa gowy taýýarlyk görülmelidigini we onuň ýokary derejede geçirilmegi üçin hemmeleriň öz mynasyp goşandyny goşmalydygyny aýratyn nygtady. Çäreleriň guramaçylyk işlerine ýaşlaryň çekilmegini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Şulardan görnüşi ýaly, şanly ýylda talyp ýaşlara hem uly ynam bildirilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys» diýip belleýär. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň bildirýän belent ynamyndan ruhlanyp, ýaşlaryň täze döredijilik gözlegleri we üstünlikleri bilen görelde görkezmelidikleri nygtaldy. Çykyş edenler bilimli, ukyply, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmekde döredip berýän şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýtdylar. 

Mähriban DÖWRANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba 
hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 
Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek 
hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52