MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEÇIRILEN INFORMATIKA OLIMPIADASYNYŇ JEMLERI JEMLENDI

416
2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 5-nji, 6-njy fewralynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji we 12-nji synp okuwçylaryň arasynda Informatika olimpiadasynyň 3-nji (jemleýji) tapgyry üstünliklere beslenip geçirildi. Bu tapgyra 11-nji synpa çenli gatnaşan 55 sany okuwçydan, has zehinliler öňe saýlanyp, 3 sany I, 6 sany II we 9 sany III orunlary eýelediler. 12-nji synplar boýunça 45 sany okuwçy gatnaşdy. Olardan  3 sanysy I, 6 sanysy II we 9 sanysy III orna mynasyp boldular. Bu olimpiada okuwçylaryň zehinini, ukyp başarnygyny ýene bir gezek açyp görkezmäge we has-da kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda olimpiadanyň ýapylyş dabarasynda bäsleşigiň ýeňijileri I, II we III derejeli diplomlar, medallar we sowgatlar bilen sylaglandy. Olimpiada gatnaşan okuwçylar degişli ders boýunça taýýarlygynyň ýokary derejededigini görkezdiler we olaryň ýolbaşçy mugallymlary olimpidanyň guramaçylykly geçirilendigi üçin minnetdarlyklaryny aýtdylar. 
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52