S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINDE MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA INFORMATIKA OLIMPIADASY GEÇIRILDI
9205-nji fewralda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Informatika olimpiadasynyň 3-nji — jemleýji tapgyryna badalga berildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň çar künjeginden zehinli ýaşlar paýtagtymyza geldiler. Olar bäsleşigiň ozalky 2 tapgyrynyň jemleri boýunça öňe saýlanan okuwçylardyr.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň uniwersitetiň Haýwanat dünýäsi muzeýine, Köpetdagyň eteginde bina edilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gezelenji guraldy.
Ilki bilen, 11-nji synpa çenli okuwçylaryň arasynda olimpiada geçirildi. Olimpiadanyň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, olaryň informatika dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünär endiklerine ugrukdyrmaga itergi berýär.
Olimpiada aýratynlykda 11-nji (11-nji synpa çenli) we 12-nji synp okuwçylaryň arasynda 3 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Onuň 1-nji (etrap) tapgyry ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdep okuwçylarynyň arasynda 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda etraplarda (şäherlerde) geçirildi. 1-nji tapgyrda her etrapdan (şäherden) tapawutlanan okuwçylar 2-nji tapgyra gatnaşmaga çagyryldy.
24-nji ýanwarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda olimpiadanyň 2-nji tapgyry geçirildi. Bu tapgyrda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, her welaýatdan tapawutlananlar olimpiadanyň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
6-njy fewralda 12-nji synp okuwçylar öz aralarynda bäsleşerler, 7-nji fewralda bolsa olimpiadanyň ýapylyş dabarasy geçiriler. Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar, medallar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.