INFORMATIKA OLIMPIADASYNYŇ 2-nji TAPGYRYNYŇ JEMI JEMLENDI

1774
24-nji ýanwarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny we Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, 11-nji we 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýän Informatika olimpiadasynyň 2-nji tapgyrynyň jemi jemlendi.
Olimpiadanyň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmäge, olaryň informatika dersi boýunça bilimlerini has-da artdyrmaga, orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de mekdep okuwçylaryny hünär endiklerine ugrukdyrmaga itergi berýär.
Olimpiada aýratynlykda 11-nji (11-nji synpa çenli) we 12-nji synp okuwçylaryň arasynda 3 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilýär. Onuň 1-nji (etrap) tapgyry ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdep okuwçylarynyň arasynda 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda etraplarda (şäherlerde) geçirildi. 1-nji tapgyrda her etrapdan (şäherden) tapawutlanan okuwçylar 2-nji tapgyra gatnaşmaga çagyryldy. 
24-nji ýanwarda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda olimpiadanyň 2-nji tapgyry geçirildi. Bu tapgyrda Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, her welaýatdan tapawutlananlar olimpiadanyň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Onuň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Olimpiadanyň 3-nji (jemleýji) tapgyry 2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda sagat 10:00-da 11-nji synp okuwçylaryň arasynda, 6-njy fewralda sagat 10:00-da 12-nji synp okuwçylaryň arasynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçiriler.
Olimpiadanyň ýapylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 7-nji fewralynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mejlisler zalynda guralar. Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar, medallar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52