ÝAŞLARYŇ ARASYNDA YLMY IŞLER BOÝUNÇA BÄSLEŞIGIŇ UNIWERSITET TAPGYRY GEÇIRILÝÄR
1217Her ýyl Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigi geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralýan bu abraýly bäsleşigiň ýokary okuw mekdeplerindäki tapgyrlary dowam edýär.
Şu günler S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda geçirilýän bäsleşigiň uniwersitet tapgyry ýokary bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Bäsleşige 6 ugra laýyklykda, ýagny nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlary ugurlary boýunça ylmy işler hödürlenilýär. Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem bu ugurlaryň ählisine degişli 40-a golaý ylmy iş taýýarlanyldy. Olaryň arasynda ekerançylykda, maldarçylykda, ýyladyşhana hojalyklarynda innowasion tehnologiýalar, öri meýdanlary netijeli ulanmak, güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy, bagbançylykda nahalhana hojalygy, dermanlyk ösümlikler, dökünler, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, dokma önümçiligi, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, suwy tygşytlamak hakynda ylmy işler bar. Ylmy işler «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda», «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň 17-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sanynyň tassyklanylmagy ýaş alymlary, talyp ýaşlary has-da ylma höweslendirýär. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem hünärleriň birnäçesi boýunça aspirantura kabul etmek, kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärleri saýlap almak meýilleşdirilýär.
Halypa alymlar, eminler toparynyň agzalary ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly, bilimli, ata Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini, ýaş alymlaryň täze ylmy we inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa we maglumat-tehnologik işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýete giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasiýa tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige gatnaşýan ýaşlara maslahatlaryny berip, geljekde hem uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Parahat REJEPSÄHEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy.