HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY — DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABY TANYŞDYRYLDY

24
16-njy ýanwarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyby çykyş edip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby bilen garşylamagymyzyň aýratyn many-mazmuna eýedigini nygtadylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu kitapda Magtymguly Pyragynyň parahatçylygyň şahyrydygy, adamzat ykbalyna dahylly meseleler hakynda gymmatly garaýyşlaryny beýan eden dünýäniň akyldarydygy giňişleýin düşündirilýär.

Täze kitabyň «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň  300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar» atly bölüminde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleriniň atlarynyň bolmagy has-da buýsandyryjydyr. 

Kitapda Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary hakynda ylmy garaýyşlar, seljermeler beýan edilýär. Magtymguly Pyragy mekdebinde adamzadyň bitewüligi, bölünmezligi hakyndaky düşünjäniň dörändigi, ussadyň şahyrana dünýäsiniň halklaryň edebiýatyna taryhy täsirini ýetirendigi barada ylmy garaýyşlar beýan edilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde hem Magtymguly Pyragy mekdebiniň täsiri aýdyň duýulýar. Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiliginiň jana-jan muşdagy. «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitapda alym Arkadagymyzyň Gündogaryň nusgawy we türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä ýüzünde giňden tanalmagynda ägirt uly işleri bitirendigi, özüniň Magtymguly baradaky ylmy-edebi işleri bilen magtymgulyşynaslyk ylmynyň ösmegine uly goşant goşandygy, onuň dünýä ýüzünde öwrenilmegine giň mümkinçilikleri döredendigi hakynda aýdylanlar has-da buýsandyryjydyr. 

Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly menzilleriniň, taryhy wakalarynyň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanmasydygyny bellediler. «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly eserde türkmen döwletiniň aňyýetiniň dana Pyragynyň pähim-paýhas ummanyndan gözbaş alýandygy beýan edilýär. Sebäbi, akyldaryň şygyrlarynda öňe sürýän garaýyşlary ähli döwürler üçin ýolgörkeziji taglymat hasaplanýar. Nygtalyşy ýaly, onuň adalatlylyk, hoşniýetlilik, ilkinji nobatda, adamyň bähbitlerini ileri tutmaga çagyrýan ideýalary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapýar. Muňa «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgämiz hem aýdyňlygy bilen güwä geçýär.

Soňra tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52