OKUWÇYLAR GYŞKY DYNÇ ALYŞ MÖWSÜMINDE BOTANIKA BAGYNA GEZELENÇ ETDILER
176Diýarymyzyň mekdep okuwçylarynyň daşky gurşawa, tebigata söýgüsini artdyrmak, olarda döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2025-nji ýylyň dowamynda umumybilim berýän mekdepler bilen bilelikde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynda dowam edýän gyşky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň Botanika bagyna gezelençleri guralýar.
10-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüniň çagalary Botanika bagyna gezelenç etdiler. Bagyň hünärmenleri, ylmy işgärleri hem-de professor-mugallymlar okuwçylara Botanika bagynyň bölümleri, olardaky daşary ýurtlardan ýurdumyza getirilip, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan agaçlardyr güller, ösümlikler hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde alnyp barylýan «Botanika bagynyň ornitofaunasy we ekologiýasy» atly ylmy-barlag işiniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Ekzotik görnüşli ösümlikler, şol sanda fikuslar, palmalar, banan ýyladyşhanalary çagalarda uly täsir galdyrdy. Eýýäm gyş ukusyna giden, indi ýapraklaryny döküp oturan görnüşler bilen birlikde, ýaňy gögerip, ýapraklap, gülläp, miweläp oturan agaçlardyr ösümlikleriň bolmagy bu ýerde dört paslyň gözelligini synlamaga mümkinçilik berýär. Döwletliler köşgüniň çagalary örän gyzykly geçen gezelençde ekologiýa, tebigata degişli köp zatlary öwrenendiklerini aýdyp, ýene-de Botanika bagyna gelmegi arzuw etdiler, bu ýerde ýadygärlik surata düşdüler.
Agzalan meýilnama laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda ekologiýadan we beýleki derslerden olimpiadalary geçirmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek boýunça wagyz-nesihat, döredijilik duşuşyklaryny, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasy, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy, ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy hakynda söhbetdeşligi, güllerden mozaika ýasamak boýunça döredijilik bäsleşigini, «Men tebigaty söýýärin» atly zehin bäsleşigini, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Haýwanat dünýäsi muzeýine, ýyladyşhana toplumyna, tejribehanalaryna gezelençleri, «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,//Dünýä kitabynda onuň ady bar» ady bilen ýörite okuw sapagyny, türkmen tebigatynyň gözelliklerini wasp etmekde goşgy, hekaýa ýazmak, prezentasiýa taýýarlamak boýunça döredijilik bäsleşigini guramak göz öňünde tutulýar.
Parahat REJEPSÄHEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy.