HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY MYNASYBETLI BILIM OJAGYMYZDAKY DABARALARA BADALGA BERILDI
1544-nji ýanwarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren çykyşlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly wasp edildi.
Dabarada edilen çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşlary bolan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda möhüm halkara forumlary, maslahatlary, duşuşyklary, beýleki dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmegiň meýilleşdirilýändigi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşmak hakynda aýdyldy. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň hem işjeň gatnaşmagynda geçiriljek bu çäreler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiliginiň abraýly we jogapkärli agzasy hökmünde häzirki zaman halkara durmuşyna işjeň goşulýandygynyň nyşany bolar.
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilmegi mynasybetli ýokary okuw mekdebimizde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Ýylboýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli köpugurly çäreleri, şol sanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany!», «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler we geljekki wezipeler» atly ylmy-amaly maslahatlary, Durnukly ösüşiň maksatlarynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabyndan ugur alyp, «Bitaraplyk we durnukly ösüş», «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Suw diplomatiýasy we halkara suw hukugy, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak» atly «tegelek stol» duşuşyklaryny, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy, ýurdumyzyň 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň doly hukukly agzasy bolmagynyň 33 ýyllygy mynasybetli çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Bütindünýä saglyk güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Bütindünýä welosiped güni, Bütindünýä durnukly ulag güni ýaly halkara seneleri dabaraly bellemek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň belleniljek ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işlerini, onuň mejlisleriniň netijelerini wagyz etmek, Halk Maslahatynyň halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmegiň, jemgyýeti dolandyrmagyň, ösdürmegiň möhüm guralydygyny talyp ýaşlara giňişleýin düşündirmek boýunça işler dowam etdiriler.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda arzuw edişi ýaly, täze ýyl Ýer ýüzünde parahatçylygyň, abadançylygyň, ynanyşmagyň, rysgal-berekediň ýyly bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, dünýä nusgalyk beýik işleri rowaç alsyn.