HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!

147
Gadyrly professor-mugallymlar, mähriban talyp ýaşlar!

Sizi Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işlerine täze ýylda hem mynasyp goşant goşmakda jogapkärçilikli işleriňiz, okuwlaryňyz rowaç bolsun. Täze ýylda-da Size berk jan saglyk, maşgala ojagyňyza abadançylyk, egsilmez bagtyýarlyk ýar, türkmeniň döwletli ýoly ak geljege dowam bolsun!

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy belleniljek 2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly düşümli bolsun! Täze ýyl hemmämize rysgal-döwlet, bagt getirsin! Täze ýyl bedew bady bilen ählimizi maksat-myrada ýetirsin!

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, ýurdy abadan bolsun, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde alyp barýan beýik işleri rowaç alsyn!

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW 

ARZUW
Durmuş neneň owadan, 
Diýar neneň nurana!
Gel, Täze ýyl, şan berip
Bu döwletli döwrana.

Söýgi bolsun, nur bolsun
Asman-Zemin arada.
Aýdym aýtsyn ýürekler
Diňe bagt barada.

Göwünler çeşme-çeşme, 
Birleşse derýa bolar.
Ak niýetli kalplara 
Ak günler hemra bolar.

Ýüreklere ornasyn
Ak gülleriň aklygy!
Guşlar deý ganat açsyn
Göwünleriň şatlygy!

Gökde Aý-Gün şöhlesi,
Ýerde mähir şuglasy.
Şonuň bile ýol geçýär 
Ömrüň hatar durnasy.

Asmanymyz parahat, 
Dünýä dolsun owaza! 
Bedew atyň badynda
Ýol uzasyn dowama! 

Göge ýeten arzuwlar
Mydam ýerde gowuşsyn!
Ýyllar düşümli gelsin, 
Toýlar toýa ulaşsyn!

«Garagum» edebiýat birleşmesi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52