TÜRKMENISTAN — BÜTIN DÜNÝÄNIŇ HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK WATANY!

55
6-njy dekabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Kararnamany kabul etmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bütin dünýäniň halkara parahatçylyk we ynanyşmak Watany!» atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Onuň umumy mejlisinde türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygyň kepilidigi, taryhy kökleri we aýratynlyklary, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň üstünlikleri hakynda çykyşlar diňlendi. Nygtalyşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji dekabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitinde Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw meselesiniň ähli toplumyna seredilende ugur alynmaly möhüm kadalara üns çekdi. Olar halkara hukugyň berjaý edilmegi, özara bähbitleriň hasaba alynmagy, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegi bilen baglanyşykly kadalardyr.

Soňra ylmy-amaly maslahat «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Ylym — nurana geljege ak ýol», «Türkmenistanyň innowasion ösüşinde tebigy we takyk ylymlaryň orny», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär» atly bölümlerde dowam etdi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň taýýarlan çykyşlaryna — Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdym-sazlara, tanslara we edebi-sazly kompozisiýa tomaşa etdiler. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dostlukly halklaryň milli medeniýetini we sungatyny açyp görkezýän aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi.

Maslahata gatnaşyjylar Garaşsyz döwletimiziň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyryp, dünýä nusgalyk Bitaraplyk ýörelgelerimizi mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýan  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.

Mähri IŞANGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýeti 
öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52