«EL HÜNÄRI IL GEZER»: MILLI DÄP-DESSURLARYMYZ WAGYZ EDILDI
122Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «El hünäri il gezer» atly üme dessuryny ýerine ýetirmek boýunça aýdym-sazly dabara geçirildi. Ol uniwersitetiň ilkinji zenanlar guramasynyň meýilnamasyna laýyklykda guraldy.
Üme dessuryna ýokary okuw mekdebiniň zenan mugallymlary hem-de talyp gyzlary işjeň gatnaşdylar. Ümede ene-mamalarymyzdan nesilden-nesle geçip dowam edip gelýän milli el işleri ýerine ýetirildi. Talyp gyzlar basma basmagyň, keşde çekmegiň, gaýma gaýamagyň, kürte, don, tahýa tikmegiň, alaja, jorap örmegiň ussatlygyny görkezdiler.
Üme dessuryny ýerine ýetirýänler halk döredijiliginiň şahyrana eserlerini ýerine ýetirdiler. Olaryň milli aýdym-sazlarynda, kakan lälelerinde bagtyýar döwrümiziň buýsanjy belent wasp edildi.
Dabaranyň geçirilýän ýerinde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan türkmen milli halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň ajaýyp eserleriniň sergisi guraldy. Türkmen gelin-gyzlarymyzyň keşde bilen nagyşlanan ajaýyp milli lybaslarynyň, şaý-sepleriniň gözelligi has-da özüneçekiji boldy.
Ümede edilen söhbetlerde Ogulabat ejäniň taýýarlap, nesillere miras goýan alajalarynyň, alaja taýýarlamakda ulanan iş guralynyň gadyr-gymmaty, onuň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlandygy buýsanç bilen bellenildi. Ýaş gelin-gyzlar bu mukaddes gymmatlyklary ýüze sylyp, ene-mamalarymyzyň ýol-ýörelgelerini dowam etdirýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Ogulabat ejemiziň ýoluny ýöredip, ýaşlara öwredýän däp-dessurlary, wesýetleridir paýhasly öwüt-ündewleri, görelde mekdebi milli ruha, milli pelsepä ýugrulandyr. Olar türkmen maşgalasynda terbiýäniň gönezligi hasaplanýan watançylyk terbiýesiniň özenidir.
Umuman, bu dabara hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, medeni mirasynyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň güwäsi boldy.
Maýagözel GYLYJOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň ilkinji
zenanlar guramasynyň başlygy.