TÄZE OKUW KITAPLARY ÇAP EDILDI

306
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, tebigy zehinini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagy we ösdürmegi üçin döwlet derejesinde ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bilimiň mazmunyny kesgitleýän okuw-usulyýet resminamalary, döwlet bilim standartlary, okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary, okuw kitaplary hem-de usuly gollanmalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribä laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek hakynda tabşyryklaryndan ugur alnyp, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hem okuw kitaplarydyr gollanmalaryny taýýarlap, çap etmäge, kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň 8 sany okuw kitaby çap edildi. Olar O.Allaýarowanyň, Ç.Babaýewanyň, A.Kakalyýewanyň «Önümiň hilini barlamak», Y.Rejepowyň «Ösümlik ýaglaryny saklamak», Ş.Meredowyň «Pagta önümleriniň hilini barlamak», B. Kakabaýewanyň «Oba hojalyk ekinleriniň hil barlagy», M.Meredowanyň «Piläniň ilkinji işlenilişi we ýüpek çig malynyň hil derňewi», A.Atamyradow bilen E.Kulyýewanyň «Tokaý taksasiýasy», Ý.Pirkulyýew bilen E.Didarowanyň «Tut agajynyň seleksiýasy», şeýle-de B.Rahmanowyň, L.Hudaýberdiýewanyň, Ş.Jumabaýewiň «Ýyladyşhanada gök ekerançylyk» atly okuw kitaplarydyr.

«Önümiň hilini barlamak» atly okuw kitaby dokma senagaty boýunça taýýarlanýan hünärmenler, mugallymlar, talyplar, şeýle-de gyzyklanma bildirýän beýleki okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. 

«Ösümlik ýaglaryny saklamak» atly okuw kitabynda dürli görnüşli ösümlik ýaglarynyň saklanyşy we ösümlik ýaglaryny saklamagyň aýratynlyklary beýan edilýär. Ösümlik ýaglaryny saklamak üçin niýetlenen ammarlar toplumynyň tehnologik hatary görkezilýär. Ammarlarda ösümlik ýaglary saklanylýan wagtynda olaryň düzüminde bolup geçýän himiki we biologik hadysalar düşündirilýär. Okuw kitabynda ýaglary kabul etmegiň we daşamagyň esasy kadalary, olaryň mukdaryny hasaba almaga gerek bolan maglumatlar berilýär. Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we ýag önümçiliginiň hünärmenleri üçin niýetlenendir. 

«Pagta önümleriniň hilini barlamak» atly okuw kitaby uniwersitetiň «Pagtanyň ilkinji işlenilişi» we «Dokma önümçiligi», «Tebigy süýümleri egirmek» hünärleriniň talyplary üçin niýetlenen. 

«Oba hojalyk ekinleriniň hil barlagy» atly okuw kitabynda kärhanalaryň tejribehanalarynda ter miwe-gök önümleriniň we däneli ekinleriň barlagynyň geçirilişi, önümleriň tehnohimiki barlaglarynyň himiki, fiziki, fiziki-himiki usullaryny geçirmegiň usulyýeti, azyk senagatynyň kärhanalarynda ulanylýan önümleriň hil barlaglaryny geçirmek üçin ulanylýan häzirki zaman abzallaryň we serişdeleriň görnüşleri, olaryň işleýiş aýratynlyklary, hil barlagyna degişli hasaplamalar, tejribe usulyýeti barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

«Piläniň ilkinji işlenilişi we ýüpek çig malynyň hil derňewi» atly okuw kitaby pileleriň gurluş aýratynlyklaryny, çig we gury pileleriň sortlanylyşyny, fiziki-himiki we hil düzümini, çig piläniň kabul edilişini, pile ilkinji işlenende howpsuzlyk düzgünlerini hem-de gury pileleriň ýüpek kelepleýji fabrikalarda kabul edilişini beýan edýän maglumatlary öz içine alýar. 

«Tokaý taksasiýasy» atly okuw kitabynda tokaýlaryň hasabyny ýöretmek barada düşünjeler we tokaýlara baha bermegiň usullary, ýurdumyzda tokaýlarda agaçlaryň düzümini öwrenmegiň hem-de taksasiýa ölçegleriniň görnüşlerini geçirmegiň düzgünleri, ulanylýan ölçeg birlikleri, umuman, tokaý baýlyklaryna hemmetaraplaýyn baha bermegiň esaslary beýan edilýär. Bu okuw kitabynda Türkmenistanyň tokaý hojalygynda tokaý taksasiýasynyň ähmiýeti, wezipeleri, tokaý agaçlarynyň taksasiýasy, taksasiýa ölçeglerini geçirmegiň düzgünleri we tokaý agaçlaryny hasaba almagyň goruny kesgitlemegiň usullary, tokaý agaçlyklarynyň düzümini, agaçlaryň sütüniniň beýikligini, ýaşyny, ösüşiniň seljermesi esasynda olary ýetişdirmeklik we taksasiýa esaslarynda tokaýlaryň hasaba alyş ulgamyny kämilleşdirmek barada maglumatlar berilýär.

«Tut agajynyň seleksiýasy» kitabynda tut agajynyň seleksiýasynyň döreýşi, ösüşi, ýeten derejesi we esasy ugurlary, tut agajynyň seleksiýasynda sort we başlangyç serişdeler, onuň täze sortlaryny döretmegiň görnüşi we daşlaşdyrylan çaknyşdyrma, poliploidiýa, emeli mutagenez, seçgi usullaryny, şeýle hem geterozis gibridlerini döretmegiň tilsimi, seleksiýa işini guramagyň tertibi, seleksiýa serişdelerine baha bermegiň usullary, täze döredilen sortlaryň we gibridleriň döwlet sort synagynyň guralyşy we olary oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrmagyň tertibi barada maglumat berilýär.

«Ýyladyşhanada gök ekerançylyk» atly okuw kitaby ýyladyşhanada gök ekerançylyk dersinden S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agronomçylyk fakultetiniň Bagbançylyk, miweçilik we gök ekerançylyk hünärinde okaýan talyplar bilen umumy we tejribe okuwlaryny geçirmek üçin niýetlenendir. Kitapda ýurdumyzda ýapyk toprak şertlerinde gök ekerançylygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, ýapyk topragyň görnüşleri, şitilhanalarda şitilleriň köpeldiliş usullary, ýyladyşhanalarda gök ekinleri kämil tehnologiýa esasynda ösdürip ýetişdirmek, toprakly we topraksyz şertlerde gök ekinleriň ösdürilip ýetişdirilişi, kömelekhanalarda kömelekleri ösdürip ýetişdirmegiň aýratynlyklary barada maglumatlar berilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52