Irlandiýada galyndylary döküne öwürjek taslamany taýýarlamak meýilleşdirilýär

542


Irlandiýanyň Mýunster tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary hökümetiň goldawy bilen şäherde ulanylan hapa suwlary we süýt önümleriniň galyndylaryny oba hojalyk üçin zerur döküne öwürmek boýunça ýörite taslamanyň üstünde işlemegi meýilleşdirýärler. Bu barada «Bereketli toprak» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Taslama görä, galyndylar termiki usullar bilen döküne öwrüler. Olardan alynjak kül ekinleriň ösüşini kadalaşdyrar, şol bir wagtyň özünde-de topragyň hasyllylygyny artdyrar.

Irlandiýaly alymlar täze taslama şu ýylyň baharynda başlarlar. Onuň üstünde dört ýyllap işleniler. Işleriň tapgyrlaýyn netijeleri barada döwürleýin neşirlere makalalary berip durmak meýilleşdirilýär.

https://turkmenportal.com/tm/blog/44827/irlandiyada-galyndylary-dokune-owurjek-taslamany-tayyarlamak-meyilleshdirilyar

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm