ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEPLERINIŇ TALYPLARYNYŇ DERS BÄSLEŞIKLERI JEMLENDI
363S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika, fizika we informatika boýunça ders bäsleşikleri jemlendi. Onuň 2-nji tapgyrynda, ýagny 25-nji noýabrda matematika, 26-njy noýabrda fizika, 27-nji noýabrda informatika dersleri boýunça bäsleşikler guraldy.
Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny, şeýle hem Türkmenistanyň bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili «Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda» Buýrugyny ýerine ýetirmek we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guraldy.
Düzgünnama laýyklykda, bäsleşik ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 2 tapgyrda şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi.
15-16-njy noýabrda ders bäsleşiginiň 1-nji tapgyry geçirilipdi. Bäsleşigiň 2-nji — döwlet tapgyry S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kitaphanasynda geçirildi. Onuň ýeňijileri medallar we Diplomlar bilen sylaglanar.
Matematika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Fizika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Informatika dersinden bäsleşigiň netijesi bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.