TALYBYMYZ — «TÜRKI HALKLARYŇ IŇ GOWY TALYBY»
318Golaýda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 2-nji ýyl talyby Dawud Döwletow «Türki halklaryň iň gowy talyby» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy we türki döwletleriň ýaşlar syýasatynyň ösüşine goşan goşandy üçin I derejeli Diplom, «Türki halklaryň iň gowy talyby» diýen döşe dakylýan nyşan, heýkeljik we şahadatnama bilen sylaglandy. Bu bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde «Bilim orkenieti» milli innowasiýa-barlag merkezi hem-de «Жаңа Қазақстан» innowasiýa merkezi bilen bilelikde guraldy.
Halkara bäsleşige türki döwletleriň zehinli talyp ýaşlary gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylaryň talyplyk döwründe okuwda, ylymda, sungatda, sportda we beýleki ugurlarda gazanan üstünliklerine baha berildi.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde doglup, ýaşlygyndan kitaba höwrügen, mugallymlaryň, alymlaryň söhbetlerinden gulagy ganan Dawut 2023-nji ýylda paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 27-nji orta mekdebi tamamlaýar. Oba hojalygy, inženerçilik, matematika, logika, iňlis dili, ritorika onuň esasy gowy görýän ugurlarydyr. Şeýle-de ol C++, HTML, Java Script, Python programmirleme dillerini öwrenýär. Bulardan başga-da, 5 synpdan bäri sport bilen meşgullanýar. Okuwçy döwründe jiu-jitsu göreşi boýunça döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, birnäçe gezek ýeňiş gazanýar we Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasynyň Hormat hatlaryna mynasyp bolýar.
Zehinli talyp uniwersitetde hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýär. Ol okuwa gelen ýylyndan ýokary okuw mekdebimiziň Ýaş alymlar geňeşiniň we onuň ylmy gurnaklarynyň guran bäsleşiklerinde özüni görkezmegi başardy. Uniwersitetde geçirilýän «Aýyň talyby» bäsleşiginde hem ýeňiji boldy. «Akyl giňişligi» bäsleşiklerinde topar agzasy hökmünde çykyş etdi.
Dawud Döwletow ýerleriň meliorasiýasy we suw üpjünçiligi, suwy tygşytlamak bilen bagly ylmy işleri içgin öwrenýär. Şu ugurlar boýunça onuň halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda taýýarlan makalalary «Научная артель» akademiki neşirýatynyň ylmy žurnallarynda çap edildi. Ol ýaşlaryň meýletinçilik hereketine-de işjeň gatnaşýar, şol sanda Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Dawud, esasan, rus dilinde goşgy ýazýar. Ol uniwersitetimiziň «Garagum» edebiýat birleşmesiniň hem işjeň agzasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhy joşguny, guralýan bäsleşikler meni türkmen we iňlis dillerinde hem goşgy ýazmaga höweslendirdi» diýip, geljekde inžener-tehnolog kärini ele aljak talyp gürrüň berýär. Ol rusça «Sag boluň, hormatly Prezidentimiz!», «Ýagyş», «Ýekelik», iňlisçe we rusça «Magtymguly», türkmençe «Dogry söz» atly goşgularyny gürrüňi edilýän bäsleşige hödürledi.
Şu günler hem Dawud Döwletow halypa mugallymy, uniwersitetiň Tehnologiýalaryň transfer merkeziniň başlygy Kadyr Amanow bilen bilelikde Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde «Сириус» bilim merkeziniň guramagynda geçirilýän Ýaş alymlaryň 4-nji kongresine gatnaşýar. Şeýle üstünlikler, ýaşlara döredilýän şertler ýurdumyzda bilimiň hiliniň ýokarydygyny, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýokary okuw mekdeplerinde giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.