ÝAŞLAR BAÝRAGYŇYZ GUTLY BOLSUN!
11716-njy noýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşuryldy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň 506-sy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenilip, olardan 135-si bu arzyly baýragyň eýesi diýlip yglan edildi. Ýeňijilere «Magtymguly» kitaby, şahadatnamalar, gymmat bahaly sowgatlar we gül çemenleri dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlaryň hatarynda baýry ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri hem bar:
Şasenem Aşyrberdiýewa — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň mugallymy.
Jora Džumakulow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Döwran Myradow — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Nury Sakçyýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Aýtäç Rahymowa — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan edýärler.
Abraýly baýraga eýe bolanlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys hem-de sylag-serpaýlarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.