MATEMATIKA DERSI BOÝUNÇA HALKARA OLIMPIADADA ÜSTÜNLIK GAZANYLDY
1937 — 10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde matematika dersi boýunça halkara olimpiada geçirildi. Onuň şahsy bäsleşik ugrunda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň Oba hojalygy (inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň 5-nji ýyl talyby Ýazjuma Nurjaýew üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp bolmagy başardy.
Bu bilim bäsleşigine Türkmenistandan, Polşadan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Şweýsariýadan, Slowakiýadan, Sloweniýadan, Wengriýadan we Özbegistandan talyplar gatnaşdylar.
Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmenistanly talyplar şahsy bäsleşikde 6 altyn, 9 kümüş, 11 bürünç medala mynasyp boldular. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary hem bar.
Biz hem uniwersitetimiziň talyby Ýazjuma Nurjaýewi nobatdaky üstünligi bilen gutlap, geljekde hem uly rowaçlyklary arzuw edýäris.