VI HALKARA YLYM WE OÝLAP TAPYŞ TASLAMA BÄSLEŞIGINDEN ALTYN MEDALLAR
2075 — 10-njy noýabr aralygynda Indoneziýa Respublikasynyň Bali welaýatynyň Denpasar şäherinde geçirilen VI halkara ylym we oýlap tapyş taslama bäsleşiginde (6th International Science and Invention Fair (ISIF) S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary Ýaran Hudaýberdiýew, Kerim Meredow aýratyn sylaglara we altyn medallara mynasyp bolmagy başardylar. Olar bäsleşige oba hojalygynda innowasion tehnologiýalar —«akylly» işgär we «eko-rakowina» taslamalary bilen gatnaşdylar.
Bäsleşige 23 döwletden zehinli ýaşlaryň 300-den gowragy gatnaşdy. Talyplarymyz bilen birlikde bu abraýly halkara bäsleşikde ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-12-nji synp okuwçylarynyň 5-si 4 taslama işi bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby 1 taslama işi bilen gatnaşdylar. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan topara agzalan mekdep-internatyň informatika mugallymy Öwezgeldi Janalyýew, talyp ýaşlara bolsa Mekan Allyýew ýolbaşçylyk etdi.
Talyp ýaşlarymyzy gutlamak bilen, olara geljekde hem uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Muhammethatam MEREDALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Maglumat
ulgamlary we sanly tehnologiýalar
kafedrasynyň mugallymy.