DERS BÄSLEŞIKLERI ÜSTÜNLIKLERE BESLENDI
8002024-nji ýylyň 21 — 26-njy oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda matematika, fizika, informatika, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, inžener grafikasy derslerinden bäsleşikler geçirildi. Her ýyl guralmagy däbe öwrülen ders bäsleşikleri «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» we olary durmuşa geçirmegiň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirildi.
21-nji oktýabrda uniwersitetimizde ders bäsleşikleriniň açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, şol sanda tebigy we takyk ylmy ugurlary ösdürmäge uly üns berilýär. Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berilýär. Çünki, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Dabarada bäsleşigiň guramaçylykly we netijeli geçmegi, oňa gatnaşyjylara uly üstünlikler, eminler toparyna hem işlerinde rowaçlyk arzuw edildi.
Şeýle-de şol gün matematika dersinden bäsleşige badalga berildi. Ol şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, gatnaşyjylar ýokary matematikanyň dürli bölümlerine degişli meseleleri çözdüler. Soňra yzygiderli fizika, informatika, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, inžener grafikasy derslerinden bäsleşikler guraldy.
Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümine her ýokary okuw mekdebinden bir mugallym goşuldy. Eminler topary bäsleşýänlere beriljek ýumuşlary guramaçylyk toparynyň hödürlän edebiýatlaryndan bije esasynda saýlap aldy. Ýerine ýetirilen ýumuşlar guramaçylyk topary tarapyndan şertli belgilenip, eminleriň ählisiniň gatnaşmagynda adalatly bahalandyryldy. Talyp ýaşlaryň bäsleşikde hödürlenen meseleleri ussatlyk bilen çözmekleri, uly utuklary gazanmagy başarmaklary olaryň örän taýýarlykly gelendiklerini subut edýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen ders bäsleşiklerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Olar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýärler.
Ders bäsleşikleriniň netijeleri bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Alişer SETDAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba
hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň
Melioratiw işleri mehanizmleşdirmek
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.