TÜRKMEN ALABAÝYNA WE TAZYSYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

356
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde milli gymmatlygymyza buýsanjymyzyň nyşany hökmünde dabaraly toýlanyljak Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, 25-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahat geçirildi.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň medeniýet merkezinde guralan, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýän milli gymmatlyklarymyzyň, sungat eserleriniň hem-de kitaplaryň sergisini synladylar.

Maslahatda Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň, Agrar partiýasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we onuň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnalynyň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary çykyş etdiler. Oňa Türkmenistanyň at gazanan we halk itşynaslary, ussat kinologlary, döwrebap itçilik merkezleriniň hünärmenleri hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kinologiýa taýýarlyk ugrunda bilim alýan talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary, beýik başlangyçlary bilen mähriban halkymyzyň göz guwanjyna, milli buýsanjyna öwrülen türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, itşynaslyk sungatyny yzygiderli ösdürmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ahalteke bedewini, türkmen halysyny, alabaý itini — täsinlikleriň ummanyny bize serpaý eden ata-babalarymyz durky bilen zehindir, ylymdar hem bilimli adamlardyr.

Halkara ylmy maslahatda türkmen alabaýynyň we tazysynyň gadymylygy, merdana halkymyzyň genji-hazynasydygy we asyrlardan gözbaş alýan milli mirasydygy nygtaldy. Eýesine wepadarlygy, batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen alabaýlarymyzyň, çalasyndan algyr aw tazylarynyň dünýädäki meşhurlygy barha artýar. Türkmen alabaýynyň itleriň iň gadymy tohumlarynyň biri bolandygyny ýurdumyzyň Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý ýaly meşhur taryhy-medeni ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan köp sanly arheologik tapyndylar hem tassyklaýar.

Baýramçylyk bilen utgaşykly Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň mejlisiniň, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň, sergidir halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda itçilik pudagyny ösdürmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyryldy. «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy», «Türkmenistanyň halk itşynasy» diýen hormatly atlar döredildi, türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek we idetmek boýunça döwrebap desgalar toplumlary guruldy. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy hem alabaýlary goramakda giň gerimli işleri alyp barýar. Alabaý itlerini goramagyň hukuk esaslary kämilleşdirilip, «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Türkmen alabaýy — Wepaly Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde seçilip alyndy.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda, «Türkmen alabaýy» goşgusynda milli gymmatlygymyza aýratyn sarpa goýulýandygyny bellediler. Syraty, edermenligi, wepalylygy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýan alabaý itlerimiz hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Alabaý biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljekki nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr». Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda alabaýlaryň türkmen halkynyň iň ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýändigi hakynda nygtalýar. Ol häsiýetler batyrlyk, edermenlik, wepalylyk hem-de asyllylykdyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde açylan kinologiýa taýýarlyk ugrunda ylym-bilim alýan talyp ýaşlar geçýän nazary we amaly okuwlarynda bu gymmatly eseri gollanma edinýärler.

«Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi: taryhy, medeniýeti we sungaty» atly IV halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar ýokary okuw mekdebiniň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň dutarçylar toparynyň çykyşlaryna hem tomaşa etdiler. Olarda milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligi, sungatymyzyň inçeligi we baý many-mazmuny şöhlelendirildi.

Maslahatyň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirilip, türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatda alyp barýan işlerinde geljekde hem uly üstünlikler arzuw edildi.

Aýlar  ANNAGURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar 
lukmançylygy fakultetiniň Senagat balykçylygy 
taýýarlyk ugrunyň (bakalawr) 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52