HALKARA FORUMA GATNAŞYJYLAR UNIWERSITETIMIZDE MYHMANÇYLYKDA

195
11-nji oktýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara foruma gatnaşyjy Sankt-Peterburg döwlet agrar uniwersitetiniň prorektory Roman Kolesnikow hem-de «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň» professory Ilhom Begmatow bilen duşuşyk geçirildi. Oňa uniwersitetiň rektorlygynyň we fakultetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Geçirilen gepleşikleriň barşynda bilim, ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, oba hojalygynyň dürli ugurlarynda özara tejribe alyşmak hem-de paýtagtymyzda geçirilýän forumyň netijeleri hakynda pikir alşyldy.

Şol gün «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň» professory, Irrigasiýa we meliorasiýa kafedrasynyň müdiri, dosent, tehniki ylymlaryň kandidaty Ilhom Begmatow uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde suw gorlarynyň ulanylyşynyň tejribesi hakynda okuw sapagyny geçdi. Şeýle-de myhmanlar uniwersitetiň professor-mugallymlary bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşdylar.

Myhmanlar uniwersitetde okuw, ylmy işleriň alnyp barlyşy bilen içgin tanyşdylar. Olar ýokary okuw mekdebiniň Agronomçylyk fakultetiniň ylmy meýdançasyna, «John Deere», «Claas» okuw merkezlerine, ýyladyşhanasyna, Haýwanat dünýäsi muzeýine, atçylyk okuw otagyna baryp gördüler.

Soňra myhmanlaryň hormatyna uniwersitetiň «Altyn asyr» medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly çykyşlary guraldy. Olarda dost-doganlyk gatnaşyklary wasp edilip, milli medeniýetimiziň köpöwüşginliligi aýdyň şöhlelendirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm