HALKARA FORUM MILLI BILIM ULGAMYNYŇ ÖSÜŞLERINI ŞÖHLELENDIRÝÄR

192
Ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary şu günler Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda dowam edýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlary uly ösüşleri başdan geçirýär. Dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlary kemala getirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diwarlygynda ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine görä yzygiderli kämilleşdirilýändigi görkezilýär. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, bilimiň mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sergide görkezilýän wideoşekiller, diwarlyklar ýurdumyzda sanly bilimiň, hünärmenleriň taýýarlygynyň ösüşleri, innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy bilen tanyşdyrýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm