UNIWERSITETIMIZ «THE WORLD UNIVERSITY RANKINGS 2025» SANAWYNA GOŞULDY

196
Paýtagtymyzda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň geçirilýän günlerinde hoş habar gelip gowuşdy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Times Higher Education» guramasynyň «World University Rankings 2025» sanawyna goşuldy.

Bu sanawa goşulýan hünär okuw mekdepleri okuwyň we ylmy gözlegleriň hili, ylmy-barlag işleriniň netijeliligi, senagat, önümçilik bilen arabaglanyşygyň, halkara hyzmatdaşlygyň  derejesi, umuman, 18 görkeziji boýunça bahalandyrylýar. «Times Higher Education» guramasynyň 2025-nji ýyl üçin reýtinginde 2092 ýokary okuw mekdebi bolup, oňa 185 sany täze uniwersitet goşuldy.

Mundan ozal ýokary okuw mekdebimiz durnukly ösüşe goşant goşýan «ýaşyl» uniwersitetleriň «UI GreenMetric» atly reýtingine hem goşulypdy. Şeýle üstünlikler ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly reýtinglerine girizmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň miwesidir.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejede abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrundaky bimöçber tagallalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Bägül ÝAZMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa 
fakultetiniň Ýüpekçilik hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm