ÝAŞULY PROFESSOR-MUGALLYMLAR GUTLANDY
6531-nji oktýabr — Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda ýaşuly professor-mugallymlar gutlanyp, halypa mugallymlara berk jan saglyk, aramyzda mekdep bolup uzak ýaşamaklary, alyp barýan asylly işlerinde geljekde-de uly üstünlikler arzuw edildi.
Nygtalyşy ýaly, her ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni halkymyzyň ýaşululyk sarpasynyň näderejede belentdigini görkezýän şanly seneleriň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaşulularyň sarpasy belent tutulýar.
Ýaşuly halypa mugallymlarymyz ýaşlara bilim-terbiýe berip, aramyzda mekdep bolup ýaşaýarlar. Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat işlerini alyp barýarlar. Olar türkmen jemgyýetinde milli edim-gylymlarymyz, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz dogrusynda ýaşlar bilen ýygy-ýygydan gürrüňdeşlikleri geçirýärler.
Golaýda — 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzda ýaşulularymyza goýulýan sarpanyň näderejede belentdigini görkezdi.
Dabaraly çärede ýaşuly professor-mugallymlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. «Geçmişi, şu güni we geljegi baglanyşdyrýan, her bir şahsyýeti adamkärçilige, päk ahlaklylyga ugrukdyrýan, maşgala agzybirligini pugtalandyrýan, manyly ömür menzilleri, öwüt-ündewleri bilen bizi belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýan ýaşuly nesilleriň mertebesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belende göterilýär» diýip belleýän hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy.
Aýmuhammet ATABAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň
mehanizasiýasy fakultetiniň Oba hojalygy
(inžener-mugallymlary taýýarlamak) hünäriniň
1-nji ýyl talyby.