ŞANLY TOÝUŇ GOŞA ŞATLYGY

302
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly-uly sepgitlere ýetilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler alnyp barylýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de okuw-usuly gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli dowam edýär. Ylmyň iň soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usuly bilim ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenen şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny halkymyz uly üstünlikler bilen garşylady. Bu toý durmuşymyzda goşa şatlyga, hoş habarlara beslendi. Maňa hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň bellenýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň berilmegi buýsanjymy has-da artdyrdy. Mugallymlaryň çekýän zähmetine şeýle uly sylagy üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Bu berlen uly döwlet sylagy meni ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan işlere özleriniň mynasyp goşandyny goşjak hünärmenleri taýýarlamakda has-da hyjuwly işlemäge borçlandyrýar. 

Ähli türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

Agajan ATAÝEW, 
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Traktorlar we 
awtomobiller kafedrasynyň uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm