HALKARA SEMINAR GEÇIRILDI
39719-20-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň «ERASMUS+» maksatnamasynyň çäklerinde göni wideoaragatnaşyk arkaly «Ýokary okuw mekdepleri üçin strategiýa: QS we THE halkara reýtinglerinde ýetilen sepgitler, üstünligiň açylyşy: QS we THE reýtingleri boýunça ýokary okuw mekdepleri üçin gözükdiriji» atly seminar geçirildi. Bu halkara seminara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen halkara seminaryň maksady bilim ulgamynda halkara tejribeleri, bilim bermegiň häzirki zaman usullaryny paýlaşmakdan, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen dostlukly aragatnaşygy dowam etdirmekden, özara pikir alyşmakdan we ylym-bilim ulgamynda möhüm özgertmeleri goldamakdan ybaratdyr.
Ýewropa Bileleşiginiň «ERASMUS+» okuw maksatnamasynyň wezipesi bilimiň dürli ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek, zähmet bazaryna gatnaşyjylary çekmek, täze pikirleri, şeýle-de hyzmatdaşlygyň görnüşlerini höweslendirmek we halkara öňdebaryjy tejribeleri alyşmak bolup durýar.
Halkara seminaryň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Umumy himiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Kadyr Amanow halkara reýtinglerde ýokary bahalara mynasyp bolmakda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýeten sepgitleri, şeýle hem bilim ulgamyndaky täzeçil tejribeler, okatmagyň innowasion usulyýeti dogrusynda çykyş etdi. Mugallymyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň käbiri bilen bir hatarda, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti hem ylym-bilim guramalarynyň ekologiýa taýdan ýaramly infrastrukturany ösdürmäge goşýan goşandyny bahalandyrýan «UI Green Metric World University Ranking 2023» sanawyna girmegi başardy. Bu bolsa ýurdumyzyň ýokary bilim edaralarynyň halkara ülňülere laýyk gelýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Geçirilen halkara seminara gatnaşyjylar göni wideoaragatnaşyk arkaly dünýäniň bilim özgertmeleri, täzeçil tehnologiýalaryň ösüşi dogrusynda giňişleýin pikir alyşdylar. Bu seminar dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de täze tejribeleri öwrenmekde aýratyn ähmiýetli boldy.
Ýazbegenç AKMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň
Gidromeliorasiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyby.