BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

38
18-nji sentýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Al Haý Al Hameli bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory Allaberdi Gapurow myhmany mähirli mübärekläp, ýokary okuw mekdebiniň gurluşy we onda alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berdi. Nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym-bilim, oba hojalyk ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar.
Rektor uniwersitetiň fakultetleriniň we kafedralarynyň, ylmy merkezleriniň, hünär okuw mekdepleriniň alyp barýan işleri hakynda anyk mysallary beýan etdi. Halkara hyzmatdaşlyk boýunça 13 sany ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, 5 sany kompaniýa hem-de Pekiniň Botanika bagy bilen Ähtnamanyň we Ylalaşygyň kabul edilendigini, halkara gatnaşyklary ösdürmekde gazanylanlar hakynda gürrüň berdi. Şeýle-de uniwersitetde  halkara derejede geçirilýän çäreler, maslahatlar, bäsleşikler hakynda aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda uniwersitetiň ýaşlarynyň üstünlikleriniň hem beýan edilendigi, geljekde Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetini gurmak boýunça alnyp barylýan işler buýsanç bilen bellenildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi çykyşynda Türkmenistanda ylym-bilim ulgamyny, oba hojalygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi hem-de geljekde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmenistan bilen arap ýurtlarynyň, şol sanda BAE-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde gazanylanlar hakynda gürrüň edildi. Ýokary okuw mekdebimiziň guraýan bäsleşiklerine, forumlaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirildi hem-de geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlar beýan edildi. 
Duşuşykda Türkmenistan — BAE gatnaşyklaryny ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagy arzuw edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm