ALYMLARYMYZ GDA-nyň TOHUMÇYLYK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDYLAR

89
16-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, ýaş alymlary hem-de talyp ýaşlary bu çärelere işjeň gatnaşdylar.

Mejlise Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Alymlar seçgiçiligiň we tohumçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň oba hojalygy pudagy üçin, hususan-da, önüm öndürmekde we onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza ýurtlarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň, ekinleriň görnüşleriniň synagdan geçirilişiniň, tohumçylygyň, şitilhanalaryň ýagdaýy, üzümiň we miweli agaçlaryň nahallary bilen üpjün etmek babatda seçgiçiligiň eýeleýän orny barada maglumatlar diňlenildi. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Duşuşykda GDA ýurtlarynda ýeralmanyň, güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň seçgiçiligi we tohumçylygy boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, zyýankeşlere, oba hojalyk ekinleriniň kesellerine garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkalaşyga agza ýurtlarda gök-bakja ekinleriniň tohumçylyk birleşigini döretmek baradaky hasabat duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ol bu işe agza ýurtlary çekmek bilen, kuwwatly seçgiçilik-tohumçylyk pudagyny döretmäge ýardam berer.

Dünýägözel NAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Maglumat 
ulgamlary we sanly tehnologiýalar 
kafedrasynyň uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm