«JOHN DEERE» KOMPANIÝASY BILEN TEJRIBELIGE TAÝÝARLYK OKUWLARY GURALDY

156
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň professor-mugallymlarynyň 2-si we Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň 15-si 2024-nji ýylyň 14 — 21-nji sentýabry aralygynda, «John Deere International GmbH» kompaniýasynyň Ýewropada öndürilýän döwrebap tehnikalary bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda guraljak okuwlara gatnaşarlar.

Bu sapara taýýarlygyň çäklerinde «John Deere» kompaniýasynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynda ýerleşýän kärhanalarynyň tejribeli hünärmenleri talyplar we olara ýolbaşçylyk etjek professor-mugallymlar üçin onlaýn okuw sapaklaryny geçdiler. Olarda 6B we 6M traktorlary, pürküjiler, kombaýnlar we ätiýaçlyk şaýlaryň kataloglary, pagta ýygyjy maşynlar hakynda gürrüň edildi. Taýýarlyk okuwlarynda ady agzalan ýokary öndürijilikli tehnikalaryň gurluşy, işleýşi, olary netijeli ulanmagyň aýratynlyklary giňişleýin düşündirildi hem-de sorag-jogap alşyldy. 

Bu okuwlarda we hünär derslerinde ele alnan bilimler ýakynda dostlukly döwletde geçiriljek önümçilik tejribeliginde has-da berkidiler.

Eziz GURTMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk
tehnikalaryny ulanmak we abatlamak
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm