UNIWERSITETIMIZ HALKARA FORUMA GATNAŞÝAR

199
Düýn Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň hem-de ugurdaş serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «HI-TECH Türkmenistan — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Oňa S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri hem işjeň gatnaşýar.

Begenç ÝOWBAGŞYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw bölüminiň başlygy:
— Paýtagtymyzda öz işine başlan, ýokary tehnologiýalara bagyşlanan forumda ýokary okuw mekdepleri hem öz diwarlyklaryny, ylmy taslamalaryny görkezýär. Olarda ähli ugurlardaky belent ösüşlere ýaşlarymyzyň goşýan goşandy öz beýanyny tapýar. Uniwersitetimiziň talyplarynyň we ýaş alymlarynyň işläp düzen organomineral döküni öndürmegiň, pürli bezeg agaçlarynyň düzümindäki efir ýaglaryny parfýumeriýa senagatynda ulanmagyň döwrebap tehnologiýalarynda, «Eko-rakowina», «Sanly oba hojalyk» taslamalarynda, «Fitoçözgüt» ykjam goşundysynda hem-de «Akylly» işgär» robotynda oba hojalygyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak hem-de işleri ulgamlaýyn alyp barmak boýunça häzirki zaman çözgütleri beýan edilýär.

Ýokary okuw mekdebimizde häzirki zaman tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça döwlet syýasatyndan ugur alnyp, täzeçil çözgütler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» esasynda uniwersitetiň Maldarçylyk we weterinariýa ylmy-önümçilik merkezinde biotehnologiýa usulynda alynýan hlorellany et ugurly jüýjeleri iýmitlendirmekde ulanmak, mallaryň ýokanç kesellerine garşy göreşmek we zerur waksinalary ýurdumyzda taýýarlamak bilen baglanyşykly ylmy barlaglar geçirilýär.

Forumda hünär bilimi ulgamyndaky ösüşler hem öz beýanyny tapýar. Oňa gatnaşyjylar S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2024-2025-nji okuw ýylynda «Zootehniýa» hem-de «Oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugurlarynyň açylyp, magistrlik maksatnamasy boýunça talyplara bilim berlip başlanandygy we beýleki maglumatlar bilen giňişleýin tanyşdyrylýar. Foruma gatnaşyjylar bolup, şeýle ajaýyp ösüşleriň, üstünlikleriň gözbaşynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.


Surat: tdh.gov.tm

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm