MUGALLYMYMYZ BAÝKAL ÝAŞLAR FORUMYNA GATNAŞDY

198
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy Ahmetnur Nurmuhammedow 15 — 20-nji awgust aralygynda Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäginde, Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Burýatiýa Respublikasynda geçirilen VII Baýkal ýaşlar forumyna gatnaşdy.

Forumyň her bir güni çärelerdir maslahatlara baý boldy. Onuň dowamynda ýaşlary dürli ugurlarda kämilleşdirmek, ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly çykyşlar diňlendi. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň giň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýaşlar işewürligi hakynda maslahatlar berildi.

Ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen foruma gatnaşyjylary tanyşdyrdylar. Şeýle-de şu ýyl ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigi, TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edilendigi, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» hökmünde saýlanyp alnandygyny nygtaldy.

VII Baýkal ýaşlar forumynyň dowamynda «Baýkal kölüne salam!» atly tebigatyň gözel ýerlerine syýahat maksatnamasy, «Dostlugyň oýunlary» atly gyzykly sport çäresi, «Dünýä ülkeleri» atly medeni agşamlar, tematik maslahatlar we beýleki gyzykly çäreler guraldy.

Orazmyrat ŞIHBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba 
hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 
Melioratiw işleri mehanizmleşdirmek 
hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm