BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

303
1-nji sentýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli «Ilkinji jaň» dabarasy geçirildi.

Ýokary okuw mekdebimiziň rektorynyň baýramçylyk dabarasyny açyk diýip yglan etmegi bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi.

Dabarada hormatly myhman Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty A.Serdarow hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, professor-mugallymlaryna hem-de ähli bilim işgärlerine ugradan Gutlagyny okady.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň gidrotehniki desgalar kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Italmaz Saparlyýew gutlag sözleri bilen çykyş etdi hem-de uniwersitetiň 1-nji ýyl talybyna talyplyk şahadatnamasynyň nusgasyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Ýokary okuw mekdebimizi tapawutlanan diplom bilen tamamlan uçurymymyz uniwersitetiň Nyşany açaryny 1-nji ýyl talyba gowşurmak däbini ýerine ýetirdi.

Soňra 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny aňladýan ilkinji jaň kakyldy. Şu ýyl okuwa kabul edilen her bir talyp Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Tugunyň öňünde dyza çöküp, ony maňlaýa syldylar. Türkmenistanyň Döwlet kasamy kabul edildi.

Dabarada talyp ýaşlaryň ählisine geljekde uly üstünlikler, sowatly, watansöýüji nesiller bolup kemala gelmekleri, ylym-bilimler dünýäsinde ak ýol arzuw edildi. Uniwersitetiň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary uly ruhubelentlige beslendi.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

Amanmyrat ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen 
oba hojalyk uniwersitetiniň oba 
hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy 
fakultetiniň maglumat ulgamlary we 
sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri, 
uly mugallym.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçe 143-nji jaý
143, 2009 (Gorogly) Street, Ashgabat
г.Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143

Telefon belgiler:
+993 (12) 34 26 52
Email:
tohu@sanly.tm